MAKALA

Aşgabat

Bezenip sen, beslenip sen mermerden,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

Myhman gelýär alys-ýakyn ýerlerden,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

 

Ýada salýaň suwdan çykan merjeni,

Gurýar seni ýurduň ogly, Gerçegi,

Nazarlap barýarsyň ýagty geljegi,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

 

Agzybirlik, parahatlyk nyşany,

Haýran edýäň bu gün bütin dünýäni,

Sensiň türkmenleriň şöhraty-şany,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

 

Aýdyň gijeleriň gündizden ýagty,

Halkym sende görýär tükenmez bagty,

Birleşdirip dursuň bäş welaýaty,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

 

Mähir, söýgi bardyr eziz adyňda,

Okgun bardyr seniň bedew badyňda,

Elmydama ak Gün dogsun alnyňda,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

 

Biz seni söýýäris, göwün şadymyz,

Buýsanyp diýýäris: Aşgabadymyz!

Adyň bilen dünýä çykdy adymyz,

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

Atamyrat Atabaýew.

«Esger» gazeti.

  • 144
  • 04.03.2021