MAKALA

Dewisiň kubogy: 121 ýyllyk ýol

Bu ýol ýaryşy ABŞ-dan Türkmenistana çenli alyp gelýär

Gör, neneň oňat! Ýene sportly, has takygy, sportuň ruhuna eýlenen baýramçylykly günler gelýär. Şu ýyl mukaddes bagtynyň — beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etjek Türkmenistan Tennis boýunça Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyryny we Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem kabul eder. Şu ýazgylarymyzda şol ýaryşlaryň ilkinjisi — Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyry barada gürrüň etmegi makul bildik.

Talyplaryň dünýä dolan başlangyjy

Eýsem, Dewisiň kubogy nähili ýaryş?! Näme üçin ony «Dewisiň kubogy» diýlip atlandyrypdyrlar?! Turuwbaşdan şu sowallaryň jogaby gözlenilse, ýerlikli bolar diýip pikir edýäris. Biler bolsaňyz, bu ýaryşyň 121 ýyllyk taryhy bar. Dewisiň kubogynyň gözbaşy hökmünde ykrar edilýän ýaryş 1900-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Beýik Britaniýanyň tennisçileriniň arasynda geçirilýär. Ýaryşy esaslandyranlar Garward uniwersitetiniň dört sany talybydyr. Dwaýt Dewis hem şol dörtleriň biri, hatda ýaryşyň esasy guramaçysy diýsek hem ýalňyşmarys. Taryhy maglumatlarda onuň ilkinji ýaryşy geçirmek üçin öz serişdeleriniň hasabyna bürünç kubok satyn alandygy hem aýdylýar. Ýaryş ilki-ilkiler Halkara gazon tennis ýaryşy diýen ady alypdyr. Ýöne soňra ýaryşyň geriminiň has giňelmegine goşant goşan Dwaýt Dewisiň geçen asyryň ortalarynda aradan çykmagy bilen, ýaryş onuň hatyrasyna «Dewisiň kubogy» diýlip atlandyrylýar.

Ýaryşdan ýaryşa, ýeňişden ýeňşe

1905-nji ýylda ýaryşa Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň birleşen we Fransiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň ýygyndylary hem goşulan bolsa, 1920-nji ýyla çenli oňa gatnaşyjy döwletleriň sany 20-ä çenli köpelýär. Ilkinji 26 çempionatda ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Awstraliýanyň tennisçileri kubogy öz aralarynda paýlaşan bolsalar, 1927-nji ýyldaky çempionatda ilkinji gezek çempion üýtgäp, olaryň hataryna Fransiýa hem goşulýar. Öz döwründe «Dört muşkatýorlar» diýlip atlandyrylan fransuz tennisçileri soňra alty ýyllap çempionlygy hiç kime bermän çykyş etmegi başarypdyrlar. Soňra ýene-de geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli öňdäki üçlügiň ýeňişleri yzly-yzyna gelýär. 1969-njy ýylda Dewisiň kubogyna gatnaşyjy döwletleriň sany 50-ä çykýar. Şondan üç ýyl soňra girizilen üýtgeşmeler bilen çempion bolan döwletiň indiki ýyl diňe finala gatnaşmagy däl-de, ähli tapgyrlarda ýaryşmagy talap edilýär. 1974-nji ýylda bolsa Günorta Afrika Respublikasy Dewisiň kubogyna mynasyp bolan dördünji döwlet bolmagy başarýar. Soňky ýyllarda Şwesiýa, Italiýa, Çehiýa (şol wagt Çehoslawakiýa) ýaly döwletleriň wekilleri hem dünýä çempionlarynyň sanawyna goşulýarlar.

Täze düzgünlere tarap

Dewisiň kubogy häzirki görnüşine 1981-nji ýylda ýakynlaşdyrylýar. Şol ýyl iň öňdebaryjy 16 milli ýygyndy dünýä toparyny emele getiren bolsa, beýleki döwletleriň wekilleri sebitleýin ýaryşlara gatnaşyp başlaýarlar. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bu ýaryşda şwesiýaly we germaniýaly tennisçileriň agalygy sürýär. Olar on ýylyň dowamynda çempionlygy paýlaşdylar diýsek, has dogry bolar. 1993-nji ýylda Dewisiň kubogyna gatnaşyjy döwletleriň sany 100-e çykýar. Taryhynda käbir ýyllarda geçirilmedik ýaryşyň 100-nji finaly 2012-nji ýylda bolýar. Ýaryşyň häzirki geçiriliş tertibi 2019-njy ýylda girizilýär. 121 ýyla uzaýan taryhyň dowamynda ABŞ-nyň 32, Awstraliýanyň 28, Fransiýadyr Beýik Britaniýanyň 10, Şwesiýanyň 7, Ispaniýanyň 6, Çehiýanyň we Germaniýanyň 3, Horwatiýanyň, Russiýanyň 2, Argentinanyň, Italiýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Serbiýanyň we Şweýsariýanyň bir çempionlygy bar. Häzir 142 döwletiň gatnaşýan ýaryşynyň iň soňky çempiony ispaniýaly tennisçilerdir (2019-njy ýyl). Hatda soňky ýaryşyň final duşuşygy hem Madrid şäherinde geçirilipdi. Dewisiň kubogy diňe erkekler ýygyndylarynyň arasynda geçirilýär.

Aşgabatda kimler ýaryşar?

Dewisiň kubogy gatnaşyjy ýygyndylaryň ozalky netijelerine görä, dört tapgyrda geçiriler. Olaryň ilkinji ikisi dünýä tapgyry bolsa, üçünji we dördünji tapgyrlaryň wekilleri gowy netije görkezip, bir ýyl soňra ýokarky basgançakda ýaryşmak üçin göreşerler. Şu ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde dördünji tapgyryň Aziýa — Okeaniýa sebiti boýunça ýaryşlary geçiriler. Ýaryşyň resmi saýtynda (www.daviscup.com) hem görkezilişi ýaly, bu tapgyrda Aziýanyň we Okeaniýanyň 15 ýygyndysy özara ýaryşarlar. Olar biziň ildeşlerimizden başga-da, Bahreýniň, Kambojanyň, Guamyň, Eýranyň, Yragyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Singapuryň, Täjigistanyň, Ýemeniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylarydyr. Sebitleýin ýaryş üç toparçada geçiriler. Deslapky düzgünnama görä, her toparçadan iki milli ýygyndy saýlama duşuşyklara gatnaşar. Alty ýygyndynyň arasynda geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde üç ýygyndy 2022-nji ýyldaky ýaryşda — üçünji tapgyrda bäsleşmäge hukuk gazanar.

Biziň «dewisçilerimiz»

Türkmen tennisçileri hem şu günler bu halkara ýaryşa güýçli depginde taýýarlyk görýärler. Ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň hatarynda häzir alty türgen türgenleşýär. Olar ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony Ýuriý Roguzskiý, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Meýlis Orazmuhammedow we Hajymyrat Çaryýew, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Atly Gurbanow, Aşgabat şäherindäki 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew we harby gullukçy Gurbangeldi Sähedowdyr. Ýurdumyzyň tennis ýygyndysy Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda Olimpiýa şäherçesinde türgenleşýär. Mälim bolşy ýaly, bu şäherçede ajaýyp tennis toplumy hereket edýär. Türkmen tennisçileri bu ýerdäki türgenleşiklerden başga-da, Saglyk ýolunyň ýakynynda fiziki taýýarlyklaryny artdyryp, Köpetdagyň etegindäki ýollarda özara ýeňil atletika ýaryşlaryny geçirýärler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Tennis federasiýasy tarapyndan milli ýygyndymyzyň agzalary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hemmetaraplaýyn taýýarlyk

Häzirki günlerde türgenlerimizden başga-da, Aşgabatda Dewisiň kubogynyň sebitleýin ýaryşynyň geçirilýän günlerinde kortlarda hyzmat etjek laýnsmenlerdir (eminleriň kömekçileri) bolboýlaryň (ýaş tennisçilerden ybarat kömekçiler) taýýarlygyna hem badalga berildi. Şäher we milli derejedäki ýaryşlarda görkezen netijeleri we aýratyn synaglar boýunça ýurdumyzyň ähli çäklerine wekilçilik edýän tennis hünärmenleri we türgenler Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşda laýnsmen we bolboý bolmaga çagyrylar. Has takygy, Dewisiň kubogynyň sebitleýin tapgyry üçin 60-dan gowrak laýnsmenler we 90-dan gowrak ýaş tennisçiler taýýarlanylar. Goý, tylla güýzüň ilkinji günlerinde geçiriljek ýaryş türkmen tennisçileriniň üstünligi bilen şatlygymyza şatlyk goşsun! Olaryň üstünligi döwletlilik toýumyza — Garaşsyzlyk baýramymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgat bolsun!

Agageldi Italmazow,

žurnalist.

«Nesil» gazeti.

  • 83
  • 04.03.2021