MAKALA

Ýazlaryň ýurdy

Bilýäňizmi, ata ýurdun ýazlaryň,

Bilýäňizmi, baky bahar nirede?

Nirede göwünler gül-gül sazlaşyp,

Hoş sözler aýdylýar birek-birege?

Aşyk bolar,

şahyr bolar bir demde,

Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.

 

Bilýäňizmi,

ýaşyl ýazlar Zemine

Onuň ýaşyl Baýdagyndan ýaýylýar.

Ne arman bar, ne gussa bar, ne kine...

Bir gören — dost,

iki ýola göreniň —

Dogan saýylýar.

Tamdyrdan göterlen çörek deý gyzgyn,

Yssy ýüzler saýry däldir asla-da.

 

Ýürekden ýylgyrsaň,

ýylgyrşyň şol dem

Älemgoşar bolup çykýar asmana.

Gülseň, gülkiň dury çeşmä öwrülýär,

Ganat kaksaň — mümkin guşlar deý uçmak.

Uçmah bu, uçmah.

 

Aýdym ýagýar asmanyndan bu ýurduň,

Ganat ýaýyp uçuşyp ýör şygyrlar.

Ylla, gül gujagna Zemin ýerleşip,

Bal bilen ýag bolmuş çäkler-çygyrlar...

 

Ganatynda täsin garlawaçlaryň,

Synlarsyň gözelleň galam-gaşlaryn...

Owaz bardyr durnalaryň perinde.

Aýdyma aýlanar,

Söýgä öwrüler

Onuň gujagynda ýaşan ýaşlaryň.

 

Baglarynda bilbilleriň saýragy,

Başgadyr ýaşaýşyň ýakym-ýaýrawy.

Bilýäňizmi, Erem bagy nirede,

O niredir, göwün ýaly nurludyr —

Meniň ýurdum — baky bahar baýramy!

Türkmenistan — ýazyň ata ýurdudyr!

 

Güwä

 

Nähili owadan, reňbe-reň dünýä —

Göwnüm onuň bir intizar durnasy!

Dünýäň juda gözel ýerdigne güwä,

Adamlaryň ony bir görmek üçin,

Nobata düzülip gezek-gezegne,

Bir-birin tiz-tizden çalşyp durmasy...

 

Biparh goýmaz öz gujagna ineni,

Göçgün serim bu jahanyň sermesti.

Juda gymmatlydyr ömür diýleni,

Ýogsam, ony bitin bererdi Alla,

Ýetirjek bolýan deý ähli adama,

Bir günden-bir günden bölüp bermezdi...

 

Durmuş

 

Men diýýärin göýä açyş eden deý:

«Diş-dyrnak, jan-jedel,

durman dyrmaşa,

Ýol geçmän,

ýaşaman,

geçirmän başdan,

Düşünip bolmajak eken durmuşa».

Sen bolsa diýýärsiň hoşhal ýylgyryp,

Synlap öz hyýalkeş, töwra ogluňy:

«Bu ýaşaýşa ýaşap-ýaşap düşünseň,

Diňe şonda düşünseňem boldugy».

 

* * *

Edil ertekide bethaýbat döwüň

Akpamygyň möhmün bitirip ilk-ä:

Ot eçilip,

soňam şol ody yzlap,

Azara goýşy deý, bildirmän kimsä...

 

Gör, bu yşky!

Ilki uçgun syçradyp,

Ýüregime köz oklady közünden.

Soň şol ody yzlap, nirde bolsamam,

Hiç sypdyrman, mündi ýördi söbügme.

 

...Ýa gadym eýýamlaň esgerlerine

Ýazdyryp öýlerne salam hatlaryn.

Soň hatlary okap,

bilişleri deý

Köňlünde ne baryn, maksat-matlabyn...

 

Gör, bu durmuş müň bir jilwesi bile

Kalbyma joş, galam berip destime.

Ýazdyrdy, saýratdy...

Içim bilibem,

Iň asgyn ýerimden geldi üstüme.

 

Sagat

 

Aladalar syndyranda sabrymy,

Tap getirmän, taňkyranda takadym.

Gör muny, tötänden öňümden çykdy

Sowgat beren şo-ol kümüşsöw sagadyň.

 

Bir pursatda ýaz deý ýagtyldy ýürek,

Seni ýatlap, gussalarym sabady...

Ýöne bu gymmatly sagada derek,

Has gowy bolardy tapdyrsa häzir...

Şo-ol senli günleriň birje sagady...

 

Tapmak

 

Oglantakdym...

Okuwçydym...

Ýolugra,

Görsem, galam ýatyr şeýle naşyja.

Tüýs maňa geregi, galkyjakladym,

Ýaş goşuldy bir oýnamlyk ýaşyma.

 

Şondan soňra ýerde boldy gözlerim,

Agtardym men ertesi hem birigün...

Näbileýin... Bir zat tapmagym üçin

Ýitirmelidigni kimdir biriniň.

 

...Durmuşda ornumy gözläp ýörşüme,

Ömrümiň manysyn yzlap ýörşüme,

Ýada saldym şo-ol çagalyk ahwaly.

Olary kim ýolda gaçyranmyşyn,

           

Ýüzugra, ýolugra taparym ýaly.

Ömür bir uzyn ýol... Öňe gidere

Käte yza seredilýär ekeni.

Bagt, söýgi, şatlyk, ömrüň manysy

Tapylmaýar... Döredilýär ekeni...

 

Irki gündelikler

 

Ýyllar geçýär... Irki gündeliklermi

Öwrüp bir bibaha, gymmatly zada.

Okap, oýa çümýän.. Bu ne geň duýgy...

Ýyllaryň oýnuny syzmakmy ýa-da?!

 

Serhet simleri deý... setir ýazgylar

Geçirenok aňryk...

Germelşip durlar.

Aňyrsynda bolsa... ýaşan ýyllarym

Bäri bakyp, sessiz delmurşyp durlar...

 

Kakamyrat Rejebow.

  • 90
  • 05.03.2021