MAKALA

«Barselona» soňky demde finala çykdy

Ispaniýanyň Şa Kubogynda ilkinji finalçy «Barselona» boldy. Birinji duşuşykda 2-0 utulan «Barselona» öz meýdançasynda «Sewilýany» kynlyk bilenem bolsa, 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy. 12-nji minutda Dembeleniň goly bilen öňe saýlanan «Barselonanyň» derwezeçisi 73-nji minutda Okamposyň penalti urgusyny sowmagyň hötdesinden geldi. Hüjümlerini ýygjamlaşdyran Barselona 90+4-nji minutda iki oýnuň netijesi boýunça hasaby deňlemegi başardy. Bu goly Žerar Pike öz adyna ýazdyrdy. 90+2-nji minutda 1 oýunçy (Fernande Reges) kem galan «Sewilýa» goşmaça wagtda 10 oýunçy bolup oýnady. 95-nji minutda-da Breýtwaýt 3-nji goly andalusiýalylaryň derwezesinden girizdi. Bu oýundaky soňky gol boldy we «Barselona» 2 oýnuň netijesi boýunça 3-2 öňe saýlanyp finalda oýnamaga hukuk gazandy. Soňky 10 ýylda 9-njy, umumylykda-da 41-nji gezek finala çykan «Barselona» Ispaniýanyň Şa Kubogyny iň köp eýelän topardyr (30). «Barselonanyň» finaldaky garşydaşy «Lewante» – «Atletik Bilbao» duşuşygynda  üstün çykan «Atletik Bilbao» boldy.

 

zamanturkmenistan.com.tm

  • 86
  • 05.03.2021