MAKALA

Biler bolsaňyz...

Uly ýaşly adamlaryň hem aglabasy sport bilen meşgullanmaga, aýdym aýdyp, tans öwrenmäge höwesli bolýarlar. Şeýle adamlaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.

94 ýaşly Zoýa Mariniç — ýoga we dem alyş gimnastikasy bilen meşgullanýar. Zoýanyň talyplyk döwri uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol partizan otrýadyna düşýär. Möhüm tabşyrygy ýerine ýetiren wagtynda hem ýesir düşýär. Ýöne oňa bir ýol bilen gaçmak başardýar. Uruşdan soň harby gullugyny dowam etdirýär we şol ýerde soňlugy bilen talyplara sapak berýär. Zoýa hünäri boýunça pedagog, orta mekdepde ýaş nesle biologiýa we geografiýa derslerinden 43 ýyl sapak berýär. Indi birnäçe ýyl bäri allergiýa bilen göreşýän 74 ýaşly Mariniç, ýoga we dem alyş gimnastika bilen meşgullanyp başlaýar. Şondan soň ol allergiýadan doly gutulýar. Bu zenan 20 ýyldan gowrak wagt bäri ýoga klubyna gatnaýar. Ol özüni örän ýeňil we sagdyn duýýar.

* * *

«Tarzankadan böküşi» ýerine ýetiren uzakýaşlylaryň biri-de, Gelmut Wirzdir. «Tarzan böküşi» diýmek, ýagny banji-jamping — bu daglarda, uly köprülerde ýörite esbaplar arkaly ýerine ýetirilýän böküşdir. Gelmut öz böküşini 83 ýaşynyň içinde, 2008-nji ýylda Germaniýada Duýsburgda ýerine ýetirdi.

* * *

Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň iň goja oýunçysy — awstraliýaly Doroti de Lou. Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde (2008-nji ýylyň 25-nji maýynda) weteranlaryň arasynda geçirilen tennisiň 14-nji çempionatyna gatnaşanda, ol 97 ýaşyndady.

* * *

108 ýaşly Rober Marşan 105 ýaşynda weloýaryşyna gatnaşdy. Ol 2012-nji ýylda welosiped bilen bir sagatda 30 kilometr aralygy geçip, dünýä rekordyny goýýar. Onuň özi bu barada: «Men bu ýere çempion bolmak üçin gelmedim, 105 ýaşda-da welosiped sürüp bilýändigimi subut etmek üçin geldim» diýýär. Lukmanlar barlag geçirenlerinde onuň bedeniniň aerobnyý taýýarlyk derejesiniň 50 ýaşlynyňkydan-da ýokary diýip belläpdirler.

* * *

2010-njy ýylda britaniýaly Tom Laki uçaryň ganatynda uçuş eden iň baýry uçujy hasaplanylýar. Uçuş eden wagty ol 90 ýaşyndady. Bu ugurda oňa öň goýlan rekordy täzelemek başardýar.

* * *

Ýaponiýanyň Okinawa adasynda uzakýaşlylaryň 450-den gowragy resmi taýdan bellige alnan. Olaryň her biriniň ýaşy 100-den geçendir. Okinawa adasy başgaça, «Uzakýaşlylaryň adasy» diýlip hem atlandyrylýar. Bu adanyň ýaşaýjylarynyň durmuşyny öwrenen alymlar, olaryň uzak ýaşamagynyň syryny dogry iýmitlenmekde hem-de köp hereket etmekde diýen netijä geldiler. Okinawanyň uzakýaşlylarynyň özleri bolsa, ony her dogýan güne begenip bilýändikleri bilen ynandyrýarlar.

  • 49
  • 07.03.2021