MAKALA

Käbäme

Ümüre gaplansa sähraýy-seleň,

Durna kerweniniň ýoly idelen,

Aýna ýaly dury mawy dideleň

Goýny Biribarly asmanmy, eje?!

 

Aşyk ýigitlerden meni gabanma,

Ykbalymyň tiken batmaz dabanna,

Gamsyz ömrüm çagalykdan aganda,

Aňýaň söýgä gulak asýanmy, eje.

 

Kebelek deý gonup mahmal aýaňda,

Sözleň balyn sorup ösdüm saýaňda,

Kalba tikeni ýok käte käýäňde,

Seň zybanyň gülli bossanmy, eje?!

 

Güler ýüzüň ýylgyryşy dünýäniň,

Munda gülkiň özi bolup gülýärin,

Hatda her gün girmeseňem bilýärsiň,

Düýşde-de ýüregmiň gysýanny, eje?!

 

Enedir köňülde gurlan ymarat,

Buýsanýaryn saňa eýläp ybadat,

Dünýäň diňe gowlugyndan ybarat,

Döredýärsiň täsin dessany, eje?!

 

Pursat

 

Gözel Aýly gije, seň Aýa däl-de,

Diňe maňa seredişiň diýsene.

Bir gezekde, bary-ýogy birjede

Ýüregimde ýer edişiň diýsene.

 

Galdym duýgy dünýäsinde geňlenip,

Edil täsin düýşlem bilen deň gelip,

Garam eräp ýetişmänkä, seň gelip,

Öýkelermi eredişiň diýsene.

 

Dünýä yşkdan kä aglajak, kä güljek,

Söýgüsinden solupdyr hol bägüljik,

Birden ýanyp gutaraýsam näbiljek?!

Yşk alawny köredişňi diýsene.

 

Baglanaýdy öýdýän ömrüm kürsä meň,

Galam indi meň iňňämem, sübsämem,

Ýazjak bolup ýazamogam ýogsam men,

Goşgularmy döredişiň diýsene.

 

Aý garaşýar özüne-de bakarňa,

Ýogsam häzir gökden aşak böker-le,

Men-ä «Aýym» diýip Arşa çykarma,

O Aýa-da «Ýere düşme» diýsene!

 

Gülnabat Begenjowa.

  • 105
  • 07.03.2021