MAKALA

«Liwerpulyň» 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek

Angliýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň esasy duşuşygynda «Liwerpul» öz meýdançasynda «Çelsi» bilen duşuşdy. Myhmanlaryň artykmaçlygynda geçen oýunda «Çelsi» Jeýson Mountyň 42-nji minutdaky goly bilen hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, «Liwerpul» öz meýdançasynda, ýagny «Anfield» stadionynda yzly-yzlyna 5-nji oýnunda-da ýeňlişe sezewar boldy. Bu waka 128 ýyllyk klubuň taryhynda ilkinji gezek bolýar. Ýagny topar şu wagta çenli öz meýdançasynda yzly-yzyna 5 gezek ýeňlip görmändir.

Tuheliň tälimçiliginde 8 oýunda 5 ýeňiş gazanyp, 3 gezek deňme-deň oýnan «Çelsi» 4-nji orna beýgeldi. Şu möwsümde 8-nji gezek utulan «Liwerpul» 7-nji orna düşdi.

 

zamanturkmenistan.com.tm

  • 78
  • 07.03.2021