MAKALA

Ajaýyp güller

Güller — toý-baýramyň, şatlygyň, söýginiň, birek-birege bolan belent sarpanyň nyşany. Ynsanyň duýgusyny heýjana salmagy başarýan tebigatyň bu täsinligi barada juda gyzykly maglumatlar kän. Geliň, şolaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Gülleri adamlar dört müň ýyl mundan öň medeniýetleşdiripdir. Gadymy müsürlililer gülleriň gözelligine maýyl bolup, ony özbaşdak ösdürip başlapdyrlar. Orta asyrlarda güllere ideg etmek iň abraýly işleriň biri hasaplanypdyr. Eger-de kimdir biri bossanlykda ýetişdirilen güllere zeper ýetirse, oňa jerime salypdyrlar.

Germaniýanyň şäherçeleriniň birinde ýaşy müňe golaýlan bägül ösýär. Ol dünýädäki ýaşy iň uly bolan gül hasaplanylýar. Ýerli ybadathananyň ýanynda biten bu gülüň boýy şunça ýyllaryň dowamynda şol ybadathana bilen deňleşipdir.

Orhideýalar iň täsin hem özboluşly güller hasaplanýar. Uzak ýaşamaga ukyply bu gülleriň köp görnüşleri ýüz ýyla çenli hem ösüp bilýär.

Günorta Amerikada ösýän puiaraimondii atly gül özüniň äpet çogdamlary bilen tanalýar. Göwrümi boýunça bu güller baga hem çalym edýär. Olaryň käbir görnüşleriniň çogdamy 12 metre, ýogynlygy bolsa 2,5 metre çenli ösüp bilýär. Özi hem bu güller bary-ýogy ýekeje sapar — 50 ýyldan, käbir görnüşleri bolsa 150 ýyldan soň gülleýär. Bu baglar güllän çagynda olarda on müňden gowrak güljagaz peýda bolýar. Emma gülländen soň bu ösümlikler guraýar. Boliwiýa we Peru döwletlerinde duş gelýän bu güller maşgalasy 3800-4300 metr belentlikdäki dag gerişlerinde duş gelýär.

Çigildem iň çalt ösýän güldür. Bir gije-gündiziň dowamynda ol 2 santimetr ösmäge ukyplydyr.

Awstraliýada ösýän gülleriň ählisi diýen ýaly şol mesgenden başga ýerlerde duş gelmeýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Şähribossan Permanowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

«Ahal durmuşy» gazeti.

  • 30
  • 21.03.2021