MAKALA

Garaşsyz döwletli bolmak bagty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, gulluk-söweşjeň işlerinde üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda tutumly işler amala aşyrylýar. «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Gullugymyzyň hatarynda döredijilik bilen meşgullanýan harby we raýat gullukçylaryň arasynda «Garaşsyzlyk — ykballara beýik şan, Gülleýär, özgerýär jan Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Mundan öňki ýyllarda serhetçi esgerleriň arasynda «Esger kalbynyň joşguny» atly bäsleşigi geçirilýän bolsa, bu ýyl onuň gerimi giňeldilip, ähli derejedäki serhetçileriň bäsleşmegine mümkinçilik döredildi. Bäsleşigiň yglan edilendigi barada ähli harby bölümlerde gulluk edýän we zähmet çekýän harby we raýat gullukçylaryň dykgatlaryna ýetirildi. Şu günler bäsleşigiň şüweleňi has-da artýar. Bäsleşigiň yglan edilen ilkinji günlerinden başlap biziň redaksiýamyzyň salgysyna dürli eserler gelip başlady. Bäsleşik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda jemleniler we ýeňijeler kesgitlenilip, olara Gullugymyzyň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Şeýle-de şahsy düzümiň arasynda «Garaşsyzlyk halkyň synmajak bagty» ady bilen şygryýet agşamlary we medeni duşuşyklary guralýar. Olarda şygyr goşýan, makaladyr oýlanma ýazýan we surat çekmekden baş çykarýan çagyryş boýunça harby gullukçylar öz döreden eserleri bilen gullukdaş ýoldaşlaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar.

Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda durýan ýurt goragçylarynyň arasynda geçirilýän şeýle çäreler olaryň watançylyk duýgusynyň has-da ýokarlanmagyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, beren gymmatlyklary babatyndaky düşünjeleriniň has-da artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 58
  • 21.03.2021