MAKALA

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine başlanar

25-nji martda Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine başlanar. Ol Fukusima prefekturasyndaky futbol meýdançasyndan badalga alar.

Tokionyň Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň habar bermegine görä, alawyň ýörişiniň tertibinde we geçýän ýolunda üýtgeşiklikler bolmady.

23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawy Ýaponiýanyň ähli prefekturasyndan, ýagny 47 prefekturasyndan geçer. Ol 121 gün dowam eder.

atavatan-turkmenistan.com

  • 52
  • 21.03.2021