MAKALA

Mawy ekranyň taryhy

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — «uzak» we latyn dilindäki «visio» — «görmek» sözlerinden dörän «telewizor» sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr.

Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra bu enjam Beýik Britaniýa, Fransiýa döwletlerinde hem öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da 7000, Germaniýada 1600, Beýik Britaniýada bolsa 19000 telewizor hasaba alnypdyr.

Ilkinji reňkli telewizorlar 1953-nji ýylda ABŞ-da oýlanyp tapylýar. Ýöne olar diňe 1960-njy ýyllarda halk köpçüligine elýeterli edilipdir. Reňkli telewizorlaryň oýlanyp tapylmagy ýaýlymlarda görnüşlere reňk bermek üçin ýörite ulgamlaryň işlenip taýýarlanmagyny talap edipdir. Häzirki wagtda dünýäde üç görnüşli reňk kodlama ulgamy ulanylýar. 1953-nji ýylda amerikan telestudiýalarynda «NTSC» ulgamy ýerleşdirilýär. Bu ulgam Kanada, Meksika, ABŞ, Ýaponiýa döwletlerinde ulanylýar. Germaniýada bolsa 1963-nji ýylda Walter Braç tarapyndan şekilleri reňkli görkezmegiň «PAL» ulgamy işlenip düzülýär. Ol häzirki wagtda dünýäde iň köp ulanylýan reňk kodlama ulgamydyr. Üçünji «SECAM» ulgamy 1967-nji ýylda Fransiýada Genri de Frans tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Ol Fransiýada, Russiýada, Wengriýada giňden ýaýrandyr.

«Aşgabat» gazeti.

  • 32
  • 24.03.2021