MAKALA

Ýurdumyzyň bilim ulgamy rowaçlanýar

Sowatlylyga hiç mahal hem biparh garamadyk türkmen halky Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim ulgamlarynda düýpgöter özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ylym, bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini, döwrebaplaşdyrylmagyny, ulgamlarda işleriň maksatnamalaýyn esasda ýokary depginde amala aşyrylmagyny hut hormatly Prezidentimiziň özi aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçiren iş maslahaty muňa aýdyň mysaldyr. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu iş maslahatynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, türkmen ylym-bilimini köptaraplaýyn ösdürmek boýunça birnäçe meselelere garalyp geçildi. Bu bolsa ulgamlarda işleriň günsaýyn ilerlemegine, türkmen jemgyýetiniň sowatlylyk derejesiniň barha ösmegine, ýaş nesliň talabalaýyk bilim almagyna, ylym öwrenmegine uly itergi berýär.

Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek häzirki wagtda milli bilim ulgamymyzyň möhüm ugry hasaplanylýar. Şol nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap tä ýokary bilim berýän okuw mekdeplerine çenli daşary ýurt dilleriniň öwredilişine, okadylyşyna, ýaşlaryň dillere erk edişine, bu işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin bolsa, kämil usullaryň peýdalanylyşyna, maksatnamalaryň dogry düzülişine möhüm ähmiýet berlip, olar pedagogik taýdan gözegçilikde saklanylýar. Şol işleri bökdençsiz amala aşyrmak üçin görşümiz, bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ylym-bilim, terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady öňküsinden hem berkidilýär. Şeýle şert, şeýle mümkinçilik dünýäniň hiç bir döwletinde ýok diýen ýalydyr.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ählisinde türkmen, rus, iňlis dilleri okadylyp, mekdep okuwçylaryna türk, nemes, fransuz, italýan, koreý, ýapon, hytaý ýaly daşary ýurt dilleriniň birnäçesini öwrenmäge-de giň mümkinçilikler döredilendir. Munuň üçin ýurdumyzda höwes bildirýänlere möwsümleýin okuwlary guraýan birnäçe dil merkezleri hereket edýär. Olarda okuwçylaryň hem okap, bilimlerini çuňlaşdyrmagy üçin giň şertler göz öňünde tutulandyr. Bulardan daşary, şol dersler boýunça professor-mugallymlarymyz tarapyndan okuw kitaplary, sözlükler hem taýýarlanylýar.

Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň orta hünär hem ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerine ussatlyk bilen erk edýän öz hünäriniň ussady bolan ýaşlar okadylyp ýetişdirilýär. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen, ýaşlara bilim bermekde innowasion tehnologiýalardan, okatmaklygyň ösen hem kämil usullaryndan giňden peýdalanylýar. Şeýle ýokary hilli şertlerde bilim alýan bagtyýar ýaşlar bu günki günde dürli pudaklarda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Bilim ulgamynda gazanylýan şeýle ösüşler bolsa döwletimiziň halkara gatnaşyklary ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan işleriň barha ilerlemeginiň möhüm guraly bolup durýar.

Türkmen halkynyň, hususan-da, ýaş nesliň ylymly, bilimli, sowatly bolmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan, biz — ýaşlara atalyk gözi bilen garaýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, milli bilim ulgamymyzy ösdürmek babatda durmuşa geçirýän özgertmeleri elmydama rowaç alsyn!

Meňli Hezretowa,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

  • 68
  • 24.03.2021