MAKALA

Saz bilen söz sazlaşanda...

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň harby aýdym-saz toparlarynyň arasynda «Serhet owazlary» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.  

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirilen bäsleşik ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekligi, Gullugymyzda harby gullukçylaryň sungata höwesini artdyrmaklygy, olaryň watansöýüjilik ruhuny belende götermekligi, şeýle hem aýdym-saz sungatyna höwesli harby gullukçylary ýüze çykarmaklygy we goldamaklygy maksat edinýär.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk owazy» esasy şygary bolan bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatynda öňe sürýän taryhy syýasatyndan ugur alnyp, onlaýyn görnüşinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda sungat bilen sazlaşykly gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullukçylar, bäsleşikde diňe bir aýdym aýdyp bilijilik ukyplaryny däl, dürli saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edip bilýändiklerini hem açyp görkezdiler.

Bäsleşikde aýdym-sazlar janly ýerine ýetirildi. Ýörite hünärmen serkerdeler bäsleşige gatnaşyjylaryň her biriniň ýerine ýetirýän aýdymlaryna we sazlaryna adalatly baha berdiler. Olar tarapyndan bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň aýdymynyň sözlerine, heňine, ýerine ýetirijilik ussatlygyna, hödürlenen eserleriň žanr özboluşlylygyna üns berildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, harby gullukçy Kemal Möwlamberdiýew üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp boldy. Harby gullukçylar Akmuhammet Ýagmyrow 1-nji, Aganur Gylyçmyradow 2-nji, Saparmyrat Tekäýew 3-nji baýrakly oruna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşruryldy.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 54
  • 24.03.2021