MAKALA

Tokio 2020 daşary ýurtdan tomaşaçy kabul etmez

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli yza süýşürilen Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly tomaşaçylaryň kabul edilmejekdigi mälim edildi. «Tokio 2020-niň» ýolbaşçysy Toşiro Muto daşary ýurtly tomaşaçylara Olimpiýa oýunlary üçin 600 müň, Paralimpik oýunlary üçin 30 müň bilet satylandygyny, bilet satyn alanlara pullarynyň gaýtarylyp beriljekdigini mälim etdi.

Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Ýaponiýanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginiň, mediýa merkezleriniň we beýleki desgalary öz içine alýan, ozaldan taýýar edilen 43 binanyň ählisiniň ulanyljakdygy habar berlipdi. «Tokio 2020-niň» açylyş dabarasy şu ýylyň 23-nji iýulynda täze gurlan «Millet» stadionynda geçiriler. Iň köp medalyň (339) paýlanjak Olimpiadasy bolmagyna garaşylýan «Tokio 2020» 8-nji awgusta çenli dowam eder.

zamanturkmenistan.com.tm

  • 45
  • 24.03.2021