MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Altyn şaýlyklar metalynyň düzümi we nämä niýetlenendigi boýunça dürli-dürli bolupdyr. Dinarlaryň agramy 2,5 – 5,5 gram aralykda bolupdyr. Teňňeler ýokary hilli altyndan (sorh) we köp garyndyly metaldan (rupi) çykarylypdyr. Olar ak-sary ýa-da ak reňkde bolup, häzirki döwrüň teňňeleri öwrenijileri olary «elektroly» diýip atlandyrýarlar. Sap altyndan dinarlar diňe soltanyň adyndan zikgelenipdir. Salgytlar we paçlar şolar boýunça hasaplanypdyr. Bu teňňeler döwletde esasy orunda durýan teňňeler bolmak bilen, teňňeleri zikgelemek işleri aýratyn gözegçilikde bolupdyr. Zikgehanalar merkezi şäherlerde — Merwde, Nişapurda we Bagdatda bolupdyr.

Pes hilli altyn we kümüş pullary çykarmak işi Beýik Seljuk türkmen döwletinde XI asyryň ortalarynda başlapdyr. Sebitde dörän kümüş gytçylygy şeýle teňňeleri zikgelemek işiniň esasy sebäpleriniň biri bolupdyr. Iş ýüzünde ähli musulman döwletlerini gurşap alan «Kümüş gytçylygy» diýlip atlandyrylýan döwür ýurduň pul dolanyşygyna hem azda-kände täsirini ýetiripdir. Kümüş gytçylygyny alymlar kümüş şaýlyklarynyň, dürli kümüş önümleriniň Ýewropa ýurtlaryna köp mukdarda äkidilmegi we şonuň netijesinde Gündogar ýurtlarynda kümüş känleriniň azalmagy bilen düşündirýärler. Döwletiň hökümdarlary kümüş känlerini täzeden dikeltmek hem-de olaryň ulanylyşyny güýçlendirmek üçin köp işleri durmuşa geçiripdirler. Ykdysadyýetiň bu kynçylygy döwletiň ilkinji on ýylynda yzda galyp başlapdyr. Kümüş gytçylygy diýilýän döwür ykdysadyýeti gowşak we pes döwletlere uly täsir edipdir.

XII asyryň ahyrlarynda musulman dünýäsiniň günbatar bölegi Ýewropa döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barypdyr. Şeýlelikde, kümüş gytçylygyndan ilkinji çykan döwletleriň biri-de Bagdat halyflygy bolupdyr. Ýewropanyň şol döwürlerde ösen söwda döwletleri Wenesiýa we Genuýa sebitiň köp döwletlerini ykdysady çökgünlikden halas edipdir. Kümüş gytçylygy Ýewropada Wenesiýanyň we Genuýanyň (Italiýa) hasabyna ýeňlip geçilipdir. Merkezi Aziýada bolsa bütin sebit döwletleri kümüş gytçylygyndan ilkinjileriň biri bolup çykan Beýik Seljuk türkmen döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrypdyrlar.

Soltan Mälik şa döwründe merkezi zikgehanalarda altyn, kümüş we mis ätiýaçlyklaryny alyp barýan ýörite topar döredilipdir. Şol toparyň berýän maglumatlary esasynda hem altyn, kümüş we mis teňňeleri zikgelemegiň, aýratynam, altyn teňňeleri zikgelemegiň belli san möçberi kesgitlenilipdir. Maglumatlardan mälim bolşy ýaly, döwletiň zikgehanalarynda altynyň, kümşüň we misiň ätiýaçlyklary hasaba alnypdyr.

W.Masson, T.Hojanyýazow dagy bu döwletde altyn pullary zikgelemek işlerine aýratyn üns berlendigini belleýärler. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, bu döwletde altyn teňňeler köp mukdarda ýasalypdyr. Olar soltan Alp Arslanyň, Mälik şanyň we soltan Sanjaryň ady bilen çykarylypdyr. Şeýle-de Sanjaryň Horasanda hökümdarlyk eden döwründe 498-nji hijri ýylynda (miladynyň 1104-1105-nji ýyly) zikgelenen dinary häzirki wagtda biziň muzeýlerimizde saklanýar. Bu teňňelerdäki ýazgylar arap hatynyň kufy görnüşinde ýazylypdyr.

Ykdysady we syýasy taýdan kuwwatly bolan Seljuk döwleti altyn pul zikgelemekde öz milli pul ulgamyny döredipdir. Kümüş we mis pullary zikgelemek işine käwagt baş wezir hem ýörite permanlar berip bilipdir. Ýöne kümüş we mis pullaryň arka tarapynda (Rewersinderw) diňe döwletiň hökümdarynyň ady ýazylypdyr.

Teňňeleri öwreniji belli alym T.Hojanyýazowyň berýän maglumatlaryna görä, dünýä teňňeşynaslyk toplumynda Seljuk döwletiniň çykaran kümüş teňňeleriniň bary-ýogy ýigrimiden gowragynyň muzeýlerde saklanýandygy aýdylýar. Has anygy, Togrul begiň adyna çykarylan 9 teňňe, Alp Arslanyň adyna çykarylan 2 teňňe, wagtlaýyn soltan Berkýarygyň adyna çykarylan 1 teňňe, soltan Sanjaryň adyna zikgelenen 8 teňňe saklanyp galypdyr. Soltan Sanjaryň döwründe kümüş dinarlar köpçülikleýin ýagdaýda çykarylyp başlanypdyr. Bu döwletiň kümüş teňňeleriniň köp bölegi biziň günlerimize gelip ýetmändir.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 40
  • 24.03.2021