MAKALA

«ARK Investment» 2,65 million paýnama satyn aldy

«ARK Investment» kompaniýasy birža gaznalary üçin, «ARK Next Generation Internet» kompaniýasyna kiberhowpsuzlyk hyzmatyny hödürleýän «Palantir Technologies» kompaniýasynyň 2,65 million paýnamasyny satyn aldy. Bu habardan soň «Palantir» tehnologiýa kompaniýasynyň paýnamalary 4,83% ösüş gazandy. Şeýlelikde, geçen birža söwdalarynda her bir paýnamasy ABŞ-nyň 24,73 dollary möçberinde bahalandy. Häzirki wagtda «ARK Investment»-iň «Palantir»-den satyn alan paýnamalarynyň umumy sany 6,8 milliona ýetdi we bahasy ABŞ-nyň 172 million dollaryna deň boldy.

Begli Gurbandurdyýew.

  • 41
  • 24.03.2021