MAKALA

Näme üçin ilikler geýimiň sag tarapynda?

Ilikdir syrmaly geýim-gejimleri her gün diýen ýaly geýýänem bolsak, olardaky ýönekeýden täsin aýratynlyklara üns bermeýäris. Meselem, erkekleriň köýnegindäki ilikler näme üçin sagda bolup, zenanlaryň köýnegindäkileriň çepdedigi hakda köpimiz gyzyklanmadyk bolsak gerek. Adamyň, köplenç, sag elini ulanmagynyň netijesinde emele gelen ýene bir adat—erkekleriň geýýän egin-eşigindäki ilikleriň geýimiň sag tarapynda ýerleşmegidir. Çünki sag elini ulanýan adam üçin sag tarapdaky ilikleri alyp, çepine ildirmek has aňsatdyr. Onda näme üçin aýallaryň hem, köplenç, sag ellerini ulanýandyklaryna garamazdan, olaryň eşigindäki ilikler çepde ýerleşýärkä? Ilki-ilkiler ilikli köýnekler baý maşgalalaryň hanymlary üçin tikilipdir. Köýnekleriň göwrümi şeýle bir uly bolupdyr welin, öýbikesi ony diňe hyzmatkäriniň kömegi bilen geýip bilipdir. Ine, şonuň üçinem zenan köýnekleriniň ilikleri hyzmatkär tarapdan sagda, zenanyň özi tarapdan seredeniňde bolsa çepde ýerleşdirilipdir. Şol döwürlerden bäri bu ýagdaý üýtgewsizligine galypdyr...

 

Aşyrgeldi Agabaýew.

«Türkmenistan sport» žurnalynyň

«7/24» elektron goşundysy.

  • 29
  • 29.03.2021