MAKALA

Türkmen ylmynyň belent sepgitleri

XXI asyrda tehnika-tehnologiýanyň ulgamlara düýpli ornaşan eýýamynda türkmen ylmy täze özbaşdak keşbe eýe boldy. Milli Liderimiziň tagallalary bilen 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy gaýtdan dikeldilmegi türkmen ylmynda täze sahypalary açdy. Akademiýa häzirki wagtda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýar.

Ylmy ösdürmekde zehinli alymlaryň, professorlaryň, hünärmenleriň eýeleýän orny diýseň uly ähmiýete eýedir. Hut şular göz öňünde tutulyp hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwletimizde öz hünärine ussat hünärmenleri, alymlary ýetişdirmäge, şol işleri amal etmekde bolsa ýaşlary çekmäge ýokary derejede berilýän üns, edilýän alada ýörite bellärliklidir. Munuň üçin, häzir ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça hünärmrenleri taýýarlaýan otuza golaý ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda, aspiranturalar, doktoranturalar hereket edýär. Olarda bakalawr, magistr derejeli kämillige ýetişen ýaş alymlar, hünärmenler ýetişdirilýär. Munda türkmen ylmynyň ösmegine saldamly goşantlaryny goşan halypa alymlarymyzyň, professorlarymyzyň, mugallymlarymyzyň bitiren we bitirýän hyzmatlary diýseň uludyr.

Şeýle-de ýaş alymlary ýüze çykarmakda Ylymlar akademiýasynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkeziniň hem hyzmaty uludyr. Ol ýylyň-ýylynda ýaş alymlaryň arasynda bäsleşik yglan edýär. Oňa  ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary okuw mekdepleriň, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, işjeň ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar.

Ylym pudagynyň işini ilerletmekde ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarynyň, ylmy konferensiýalaryň, guralýan ylmy duşuşyklaryň ähmiýeti hem juda bellärliklidir. Muňa mysal hökmünde ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» magistrlik maksatnamasyny işe girizmegiň ugurlary boýunça geçirilen webinary ýatlap geçsek, has ýerlikli bolar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ylmy institutlary, ylmy edaralary, ylmy merkezleri, ýokary okuw jaýlary dünýäniň iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar, abraýly ýokary okuw jaýlary, ylmy edalary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýarlar. Şolaryň netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary özleşdirilýär, dünýä tejribeleri öwrenilýär. Olardan zerur hasap edilenleri millileşdirilip, türkmen ylmyna ornaşdyrylýar. Bular bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimizde dünýäniň ösen tehnika-tehnologiýasy hem giňden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Şol syýasatyň netijesinde, ulgamlaryň, önümçiligiň dünýäniň iň soňky döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagy, edara-kärhanalarda işleriň kompýuterleşdirilmegi, baý gorly elektron kitaphanalaryň döredilmegi, maglumatlaryň audio, wideo ýazgylara geçirilmegi işi ep-esli derejede ýeňilleşdirýär hem-de işe sarp edilýän wagtyň mukdaryny köp derejede azaldýar. Bu, elbetde, adam aňynyň ösüşiniň ýeten derejesini, ylmyň ösüş depginini kesgitleýär.

Ýokarda agzalyp geçilenleriň hatarynda ylym pudagynyň çygryny giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hem ýatlap geçmek gerek. Gelejekde türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň ösüp ýetişmegini göz öňünde tutup, ýapon dili, iňlis dili we edebiýaty, italýan dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty, koreý dili, ispan dili, hindi dili, howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlary tehniki taýdan ulanmak, hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri, önümçiligiň we tilsimat proseslerin awtomatizasiýasy, ösümlik ýagyny öndürmek, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alyş we audit, bedenterbiýe, gurjak teatrynyň aktýory, halkara žurnalistikasy, agrohimiýa we topragy öwreniş, ösümlikleri goramak, maldarçylyk, melioratiw işleri mehanizmleşdirmek, dünýä maliýe ykdysady bazary we senagat inženerçiligi, arheologiýa, döwlet we ýerli dolandyryş we senagat elektronikasy ýaly täze hünärleri, harby lukmançylyk hünäri hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş, atçylyk fakultetleri açylyp, bu ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýola goýuldy.

Türkmen ylmynyň ösmeginde irginsiz aladalary edýän, giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan nusgalyk işlerinde elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Aýsoltan Hojatowa,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

  • 52
  • 29.03.2021