MAKALA

Oba alyp barýan ýolda

Öwünmäge hakyň bardyr,

Oba alyp barýan ýolda.

Üýtgeşik bir ýakym bardyr,

Oba alyp barýan ýolda.

 

Bag-bakjalar, depe-düzler,

Synlasaň nurlanar gözler,

Garşy alar güler ýüzler,

Oba alyp barýan ýolda.

 

Götergiläp bir ulaga,

mündirler, aşman uzaga,

Sözler ýakymly gulaga,

Oba alyp barýan ýolda.

 

Ümezledip gözleriňi,

Ýatla ýygan gülleriňi,

Yşka uçran günleriňi,

Oba alyp barýan ýolda.

 

Ýitiren hem tapan günleň,

Ýatlarsyň mal bakan günleň,

Şu obadan çykan günleň,

Oba alyp barýan ýolda.

 

Senden çykan goý, dolansyn,

Beýgel, il saňa guwansyn,

(Oýlan, bu pana gonaksyň),

Oba alyp barýan ýolda.

 

Maksatmyrat Atabalow.

 

Gadyrýaba

 

Men obada Murgap derýaň boýunda,

Tolkunlaň aýdymyn diňläp ulaldym.

Atamyrat Atabaýew.

 

Garagumdan gözbaş alyp gaýdýan,

Gadyrýabyň suwun içip ulaldym.

Hallan atyp duran demir köprüden,

Hem aňryk hem bärik geçip ulaldym.

 

Hana syna sygman akardy durman,

Tolkun atyşyna galardyk haýran,

Suw almaga baryp bir däldi taýýan,

Menem girdabyna gaçyp ulaldym.

 

Joşguny peselen däldir ömründe,

Obalary gülzar etmäň ugrunda,

Oglan wagtym günaşa däl, her günde,

Güzerinde suwa düşüp ulaldym.

 

Heziller ederdim tomus yssyda,

Berilendi mal-garalaň rysgyna,

Taryp etsem söz ýetmeýär aslyna,

Ýüregimi şoňa açyp ulaldym.

 

Ikindinaralar çeňňegmi alyp,

Kenaryna baryp tutardym balyk,

Göwnüm galkynardy awganly bolup,

Begenjimden gonup, göçüp ulaldym.

 

Ylhamyma gor berýänem şol boldy,

Bal suwundan gansam işlem şow boldy,

Aýdýan mydam: “Gadyr ýapda doguldym”,

Buýsanjymdan dürler saçyp ulaldym.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 44
  • 29.03.2021