MAKALA

Baýramçylyk çäreleri dabaralandy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralara beslendi. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralara, şowhunly konsertlere giň orun berildi. Dabaralardyr konsertler milli äheňde guralyp, Nowruz bilen bagly däp-dessurlarymyz, galyberse-de, milliligimiz giňden açylyp görkezildi.

Halkara Nowruz gününiň şanyna Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde-de mitingler geçirildi. Mitinglerde baýramçylyk çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, «Nowruz geldi ilime!» ady bilen şahsy düzümiň arasynda diwar synlamlaryň bäsleşigi guraldy. Ol harby gullukçylaryň bahar paslyny suratlandyrýan, Milli bahar baýramyny beýan edýän peýzaž hem kompozision eserlerini öz içine aldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, geçirlen bu bäsleşik harby gullukçylaryň tebigata bolan söýgüsiniň dabaralanmasynyň nobatdaky görkezijisi boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri höweslendirildi.

 

Agajan Niýazow.

  • 61
  • 29.03.2021