MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Täjigistanyň Hisar etrabyndan soltan Çagry beg döwrüne degişli bolan we özboluşly zikgelenen kümüş teňňeler tapyldy. Bu hazynanyň tapylmagy bilen, alymlaryň arasynda uly çekişmeler başlandy. Şoňa çenli alymlaryň birnäçesi (M.Masson, W.Masson, G.A.Pugaçenkowa we beýlekiler) taryhda soltan Çagry begiň adyna zikgelenen örän az sanly teňňeleriň gabat gelýändigi baradaky pikiri ýöredýärdiler. Emma hazynada 3081 sany kümüş dirhemiň bolmagy, olaryň aglabasynyň hem soltan Çagry begiň permany bilen zikgelenendigi ylymdaky köp pikirleri üýtgetdi. Bu ýagdaýyň ikinji bir tarapy hazynada alymlara şu wagta çenli belli bolmadyk teňňeleriň bolmagydyr. Hisar hazynasy tapylýança Çagry begiň adyna zikgelenen teňňeleriň 10-dan gowragy ylymda mälim bolupdyr. Hisar hazynasydaky teňňeleriň 90-a golaýynyň soltan Çagry begiň adyna zikgelenen teňňelerdigi, şeýle-de Mawerennahrda ýerleşen we öň ylmy jemgyýetçilige nämälim bolan Çaganian (Saganiýan) zikgehanasynda zikgelenendigi aýratyn bellärliklidir. Umuman, Seljuk döwletiniň taryhyny öwrenýän alymlaryň işlerinde Çaganian zikgehanasy barada maglumat düýbünden gabat gelmeýär. Bu barada maglumat diňe bir ýerde, has takygy, belli alym W.W.Bartoldyň işleriniň birinde gabat gelýär. Hisar hazynasy entek taryh ylmynda, aýratynam, teňňeşynaslyk ugrunda doly öwrenilmeli meseleleriň biri. Bu ýerde alnyp baryljak geljekdäki ylmy-barlaglar Seljuk döwletiniň teňňeleriniň taryhyny we ykdysady kuwwatyny öwrenmeklikde göze görnüp duran hakykatdyr. Seljuk döwletine Balh şäherinde ýerleşen zikgehana hem degişlidir. Häzirki wagta çenli Balhyň diňe iki sany elektroly teňňesi bellidir. Olaryň biri miladynyň 1085-1086-njy ýyllary Mälik şa tarapyndan zikgelenipdir.

1063-nji ýylda Soltan Alp Arslanyň döwleti dolandyryp başlamagy bilen, Balh şäheri ykdysady we medeni merkezleriň birine öwrülýär. Orta asyryň meşhur taryhçy alymy Nişapurynyň berýän maglumatlaryna görä, soltan Alp Arslan Balh şäherinde söwda maksatly üç sany uly kerwensaraý hem-de bir sany zikgehana gurdurýar.

Beýik Seljuk türkmen döwletinde teňňeleri zikgelemek işi iki usulda alnyp barlypdyr. Onuň birinjisi guýma usulydyr. Bu usul, esasan, Merwde, Nişapurda, Balhda, Sarahsda, Nusaýda, Köneürgençde we Bagdatda ulanylypdyr. Guýma usulyna şol döwürde meskub hem diýlipdir. Ikinjisi kakma usulydyr. Oňa şol döwürlerde sekge diýlipdir. Bu usulda çet gyraky welaýatlardaky zikgehanalarda teňňeler zikgelenipdir. Mawerannahrdaky, Orta Gündogar ýurtlaryndaky zikgehanalarda bu usulda teňňeleri zikgelemek giňden ýaýrapdyr. Bu döwletiň zikgeşynaslyk sungaty we maliýe-ykdysady gatnaşyklary barada orta asyr taryhçylary Gardizi, Beýhaky, Makdisi, Ibn Esir dagy gymmatly maglumatlary berýärler.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 39
  • 29.03.2021