MAKALA

Hokkeý hakda näme bilýärsiňiz?!

1. Hokkeý boýunça ilkinji resmi duşuşyk 1875-nji ýylda Kanadada geçirilipdir.

2. 1960-njy ýylda Stan Mikita hokkeý taýagynyň ujy egreldilen görnüşini oýlap tapýar. Şol wagta çenli olar gös-göni ekeni.

3. Hokkeý şaýbasynyň diametri 3 santimetr bolup, ol buzda bökmez ýaly her oýundan öň doňdurylýar.

4. Jo Malone häzire çenli bir oýnuň dowamynda iň köp şaýba geçiren hokkeýçidir. Ol 1920-nji ýyldaky duşuşyklaryň birinde 7 gezek tapawutlanypdyr.

5. Ilkinji buz tekizleýji maşyn 1949-njy ýylda Frank Zamboni tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Şonun üçin hem maşyn «Zamboni» diýlip atlandyrylýar.

6. Häzire çenli iň güýçli urulan şaýbanyň tizligi sagatda 118 kilometre deňdir.

7. Hokkeý boýunça iň meşhur kuboklaryň biri bolan Stenli kubogy 1893-nji ýylda döredilipdir.

 

Taýýarlan Orazmyrat Gedaýew,

sport synçysy.

  • 23
  • 31.03.2021