MAKALA

Serhetçi talypdan nobatdaky hoş habar

Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkezi onlaýn görnüşindäki «Erudit online» halkara internet olimpiýadasynyň 2021-nji ýyldaky bäsleşiklerini geçirmegi dowam edýär. Serhetçi talyplarymyz bolsa — indi bu bäsleşigiň iň bir işjeň olimpistleri. Muny Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Myrat Allanazarow üçünji gezek subut etdi. Ol halkara internet olimpiýadasynda biologiýa dersinden «Genetikanyň esaslary» ugry boýunça bäsleşdi. Şeýlelikde, test görnüşinde alnyp barlan bäsleşikde Myrat 18 utugyň 13-üsini toplap, 3-nji orny eýeledi we «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomyna hem-de bürünç medalyna mynasyp boldy.

Serhetçi talyplaryň olimpiýadada gazanýan dowamly ýeňişlerinde institutyň mugallymlary Batyr Gylyjowyň, Kümüş Nurjanowanyň tagallalary uludyr. Batyr hem Kümüş mugallym gysga wagtyň dowamynda üç talyby yzly-yzyna bu olimpiýadanyň ýeňijisi etmegi başardylar.

Bu wakanyň yzysüre Myrat Allanazarowdan ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny harby talyp Myrat Allanazarow «Scientific and Research Works of the Students in the Era of Might and Happiness» («Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplarynyň ylmy gözlegleri») atly ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşandygy üçin Hormat haty bilen sylaglandy. Maslahat Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň arasynda geçirildi. Maslahatdaky çykyşlar daşary ýurt dillerinde guraldy. Myrat hem pars, iňlis dillerinde «Türkmençe, iňlisçe, parsça sözlem düzmegiň aýratynlyklary» atly temada çykyş etdi.

Biz hem redaksiýamyzyň döredijilik toparynyň adyndan harby talyp Myrat Allanazarowy hem-de mugallymlary gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Olara okuwlarynda, işlerinde, jogapkärli gulluklarynda elmydama üstünlikleriň, şowlulyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

 

Begli Gurbandurdyýew.

  • 123
  • 31.03.2021