MAKALA

Watan serhetden başlanýar

Hawa, Watan başlanýar hut serhetden,

Şu serhetler eltýär halal ojaga.

Göze sygmaz giňişlige seretseň,

Basaýasyň gelýär ýurdy gujaga.

 

Serhedi goramak — goramak ýurdy,

Goramakdyr topragyňy, iliňi.

Şadyýanlyk çogýar serhetlermizden,

Watan mähri söýgi bilen birigip.

 

Agras başly ataň, kümüş saç enäň

Ak patasyn alan Serhet gullugy,

Gije-gündiz serhetlerde sak durup,

Ilimize buşlaýarlar gowlugy.

 

Kämil tehnikaly hüşgär esgere,

Watany goramak — uly bagta deň!

Arslan ýürek, bürgüt gözli ýigitleň,

Kasam edýär — tutuş ömre deňeçer.

 

Serhetçi esger gyz diýýär buýsançly:

«Watan, eziz adyň mähriban maňa!».

Goragynda dost-doganlyk serhetleň,

Kasam bolsun — gursakdaky jan saňa!

Eziz Watan, şöhrat saňa, şan saňa!

 

Eneler

 

Dünýäniň durkuna, Zemin görküne,

Hem mukaddes topragmyza deňelen.

Mährem eller em bolýandyr derdime,

Eý, eziz eneler, mährem eneler!

 

Ak daňlary arzuw bilen atyran,

Hüwdi bilen balasyny ýatyran,

Yhlas eýläp soňsuz bagta ýetiren,

Eý, eziz eneler, mährem eneler!

 

Söýesidir ojaklaryň, öýleriň,

Bezegidir baýramlaryň, toýlaryň,

Keşbiňizden, mähriňizden doýmaryn,

Eý, eziz eneler, mährem eneler!

 

Bizi gorap ýören dileg-dogaňyz,

Siz — dünýäniň dowamyna güwämiz.

Çünki ýöredýäňiz nesil dowamyn,

Eý, eziz eneler, mährem eneler!

 

Ýyllar ötüp, aýlansa-da asyrlar,

Alkyşlaýar sizi ähli nesiller.

Dünýe durar, bu dowamat kesilmez,

Eý, eziz eneler, mährem eneler.

 

Ençe ýyllap gulluk eden biregne,

Menem ýurt goraýan zenan hem ene.

Başym egýän, elim goýup ýüregme,

Diýýän: «Bagtdan doly her gün, seneler,

Siz bilen, eneler, mährem eneler!».

 

Eziz Watan, Arşdan inen Jennet sen!

 

Watan, uly dünýä başlanyp senden,

Kyssalykdyr her asyr, her çaglaryň.

Ýaşyl baglaň mähir bolup owsunyp,

Arşy boýlar belent başly daglaryň.

 

Hüwdüsine kybapdaşdyr ejemiň,

Başym sypap, säher öwsen ýelleriň.

Ýatladyp dur Güneş çogly topragyň,

Kyblamyň zähmetde bekän ellerin.

 

Çagalygmyň kyssasyna çalymdaş,

Ak garly gyşlaryň kyrk tüýsli bolşy.

Güýzleriň — bereket, tomuslaň nurly,

Ýazlaň — bagta aşyk gözleň ýylgyrşy.

 

Ýaýlalaňda yzy galan pederleň

Ser berse-de, mele ýerin bermedik.

Gijeleriň Aý yşygna ýuwulyp,

Gündizleriň bagt boýlaýar hezl edip.

 

Barlygyna düşüp Hakyň nazary,

Eziz Watan, Arşdan inen Jennet sen!

Şeýle ajap ýurduň eýesi bolan,

Türkmen ilim, niçik bagtly millet sen!

 

Bu ýerler

 

Yşky yşka düşürdigim

Bu ýerler bagtdan zyýada.

Adyň zikr edip ötendir

Erenler paý-u-pyýada.

 

Ojagyndan uly dünýäň,

Ýüregine ýetip mähir.

Menzilleriň her pursady,

Giň dünýä bolmuşdyr pähim.

 

Gögüňe düzlen durnalar,

Uzaklara ýetir sesin.

Sansyz ýyllaryň telwasy,

Goýnuňda durlar nepesin.

 

Bu ýerlere Hak nazary,

Düşendir, dörände owal.

Bagtlydyr şonuň üçinem,

Hut şu toprakda dogulan.

 

Toýbibi Hudaýberdiýewa.

  • 42
  • 31.03.2021