MAKALA

Wagyz ediş çäreleri geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» ady bilen wagyz ediş çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şahsy düzümiň arasynda geçirilýän çärelere Gullugymyzyň tejribeli harby gullukçylary, degişli hünärmenler gatnaşýarlar. Şeýle çärelerde ilkinji gürrüňler ahalteke bedewlerimiziň tohumynyň gadymylygy, onuň saýlama hem seýrek duş gelýän tohumlygy, gelip çykyşy, aýratynlygy hakda bolýar. Soňra çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda hem-de görelde bolmagynda atçylyk pudagymyzyň, seýisçilik sungatymyzyň ösdürilişi, Watan goragyny alyp barmakda, hususan-da, dost-doganlyk araçäklerimizi goramakda ahalteke bedewlerimiziň gulluk atlary hökmünde peýdalanylyşy we arassa ganly ahalteke tohumyny gorap saklamakda edilýän aladalar barada dowam etdirilýär. Şol döwletli söhbetleriň içinde ýaňy ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň özüniň atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde Akhandan we Lälegyzdan bolan taýçanagy synlandygy we oňa Aşgabat diýip ajaýyp ady dakanlygy ýatlanyp geçilýär.

«Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar at-owazasy äleme dolan milli baýlygymyz — ahalteke bedewlerimiziň elmydama giň sähralarymyzy bezäp, aýlawlarymyzy baglap durmaklaryny arzuw edýärler.

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 58
  • 31.03.2021