MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe ulgamy we döwletiň çägindäki hereket eden teňňeler orta asyrlaryň halkara söwda-ykdysady ulgamynda möhüm orny eýeläpdir. Bu döwletiň belli şäherleri Merw, Köneürgenç, Nusaý, Sarahs, Amul, Abywerd, Nişapur ylmyň we medeniýetiň merkezi hökmünde tanalypdyr.

Bu döwletiň döwlet gurluşynyň kämilligi, onuň hökümdarlarynyň alyp baran ynsanperwer syýasaty orta asyrlaryň taryhynyň altyn sahypalaryny bezeýär. Döwletiň ykdysadyýeti örän ýokary derejede gurnalandygy, salgytlaryň halk üçin ýeňillikleri, ykdysadyýetde, söwda-haryt dolanyşykdaky bar bolan teňňeleriň gymmatlyklary hem-de maliýe ulgamynyň özboluşly taraplary bu döwletiň kuwwatyndan habar berýär. Soltan Togrul beg we Çagry beg döwlet gurluşynyň ilkinji günlerinden başlap, döwletiň maliýe ulgamynyň berk binýadyny tutupdyrlar. Şeýle-de döwletiň kuwwatly ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmegi ugrunda soltanlar Alp Arslanyň we Mälik şanyň dolandyran döwürlerinde wezir bolup işlän, meşhur döwlet işgäri Nyzam al-Mülk juda uly işleri bitiripdir.

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň teňňelerini öwreniji belli alymy T.Hojanyýazow döwletiň ilkinji soltanlary — Çagry begiň 1036-njy ýylda, Togrul begiň bolsa 1037-nji ýylda Nişapurda öz atlaryna ilkinji teňňeleri zikgeledendigini belleýär. Ol teňňeler öz düzümi taýdan we çeperçilik babatda hiç bir döwletiňkä meňzemeýän, özboluşly görnüşdäki teňňeler hasaplanylýar. Ýene-de bir bellemeli ýagdaýlaryň biri-de, soltan Togrul begiň döwletiň çäklerini giňeldýän döwürleri soltan Çagry begiň döwletiň maliýe ulgamy – zikgehanalar we teňňe zikgelemek işleri bilen baglanyşykly 5-den gowrak perman çykarandygydyr. Bu permanlara görä, puluň hümmetli bolmagy we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösen derejede ýola goýulmagy üpjün edilipdir. Şonuň üçin hem orta asyrlaryň arap alymlary bu döwletiň pullary we bazarlary, söwda-haryt gatnaşyklary barada juda gymmatly maglumatlary berýärler.

Döwletiň weziri Nyzam al-Mülk bu döwletiň syýasy gurluşy, ykdysady ýagdaýy we medeniýeti barada XI asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda «Syýasatnama» atly meşhur eserini ýazypdyr. Eserde döwletiň ykdysady ýagdaýy onuň kämil derejede ýola goýlandygy barada ençeme ýerde bellenilýär.

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe ulgamy we bu döwletiň çägindäki hereket eden teňňeleri öwrenmeklik işi XIX asyryň ahyrlarynda rus we ýewropaly alymlar tarapyndan başlanypdyr. Bu döwletde hereket eden altyn teňňeler russiýaly teňňeleri öwrenijileriň ünsüni özüne çekipdir. Has anygy, M.Massonyň, W.W.Bartoldyň, W.W.Zwariçiň, S.Agajanowyň we beýlekileriň ýazgylarynda bu teňňeler barada örän gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýle-de döwletiň maliýe, salgyt ulgamlary we teňňeleri barada T.Hojanyýazow bu ugurda uly işleri alyp bardy.

Bu döwletde ilkinji altyn dinar 1041-nji ýylda Nişapur şäherinde Togrul begiň ady bilen çykarylandygyny alymlar öz işlerinde belleýärler. Maglumatlara görä, altyn dinarlaryň agramy 3,35 gram bolupdyr. Ykdysatçy alym N.Halow döwletde pul çykarmaklyk işiniň dokuz şäherde — Merw, Nişapur, Reý, Yspyhan, Kumm, Hemedan, Ahwaz, Bagdat we Basra şäherlerinde ýola goýlandygyny ýazýar. Alymyň pikiriçe, soňraky altyn dinarlaryň agramy 3,58 — 3,80 grama çenli artypdyr. Iň uly altyn dinaryň agramy 5,7 gram bolupdyr. Şol bir wagtda Alp Arslanyň ady bilen kümüş dirhem hem çykaryp başlapdyrlar, olaryň agramy 3,09 — 4,12 gram aralygynda bolupdyr. N.Halowyň ýazmagyna görä, Yspyhan bazarynda bir kümüş dirheme bir uly çörek satyn alyp bolýan eken.

Teňňeleri öwreniji türkmen alymy T.Hojanyýazow Beýik Seljuk türkmen döwletiniň kämil maliýe ulgamynyň bolmagynyň we onuň teňňeleriniň juda ýokary derejededigini döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny görkezýän ýagdaý bilen hem düşündirýär. Taryhçy alym T.Hojanyýazow teňňeleri zikgelemek işiniň bu döwletiň çägindäki otuz şäherde alnyp barlandygyny ýazýar.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymlary.

  • 31
  • 31.03.2021