MAKALA

Fortepiano — owazlaryň sazlaşygy

Saz gurallary baradaky gürrüňiň taryhyny alymlar baryp paleolit eýýamyna, adamyň daşdan, süňkden we agaçdan dürli gurallary ýasamagy öwrenen döwürlerine alyp gidýärler. Saz gurallarynyň içinde iň gadymylary kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Umuman, taryhyň dowamynda saz gurallarynyň kakylyp, üflenip çalynýan, kirişli... diýen ýaly dürli toparlara bölünýän ençeme görnüşleri döredildi. Olaryň arasynda klawesin, awikodra ýaly saz gurallarynyň kämilleşmeginde dörän fortepiano häzirki döwürde iň meşhurlarynyň biridir.

Häzirki zaman fortepianosynyň mehanikasy italýan ussasy Kristofori tarapyndan XVII asyryň ahyrynda oýlanyp tapylýar. Kristoforiniň täze saz guralynda düwmejikleri basanyňda hereket edýän «çekiçjikler» owazy emele getirýän kirişleriň aşagynda ýerleşipdir. Bu saz guralyny «gravicembalo col piano e forte» — «pianoforte» diýip atlandyrypdyrlar. Ýöne soňlugy bilen onuň fortepiano ady ýörgünli bolupdyr.

Kristoforiniň oýlap tapan saz guraly iňlis gurluşynyň kämilleşmeginiň başyny başlaýar. Şeýdip Fransiýada Marius (1716 ý.) we Germaniýada Şrýoter (1717 — 1721 ý.ý.) tarapyndan mehanikanyň başga görnüşleri oýlanyp tapylýar. Sebastýan Erar bolsa düwmeleri çalt-çaltdan gaýta basylanda-da ses alyp bolýan mehanikany oýlap tapýar. Iňlis gurluşynda bu diňe düwme doly ýokary galandan soň mümkindi.

Fortepiano üçin ýazylan ilkinji saz eseri 1732-nji ýylda peýda bolýar (Lodowiko Justininiň sonatasy). Ýöne kompozitorlar köpçülikleýin tertipde klawesine däl-de, fortepiano şondan diňe elli ýyl soň, Gaýdnyň we Mosartyň döwürlerinde ýüzlenip ugraýarlar.

Fortepiano kirişleri kese ýerleşdirilen roýala we kirişleri dik ýerleşen pianino ýaly görnüşlere bölünýär. Kirişleri dik ýerleşen fortepianolaryň «piramida şekilli», «piano-lira», «piano-býuro», «piano-arfa» ýaly görnüşleri bolup, XIX asyryň ortalaryndan soň diňe pianinolar we roýallar öndürilip başlanýar.

Häzirki zaman fortepinolarda iki ýa-da üç (iň täze görnüşlerinde — dört) pedal bolýar. Ýöne olaryň iň irki görnüşlerinde bu maksatda süýşürilýän ryçaglar ulanylyp, olary pianist dyzlary bilen herekete getiripdir.

Taýýarlan Gunça Begnazarowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 26
  • 03.04.2021