MAKALA

Watan goragynda mergenlik sungaty

Watan — gör, nähili mukaddes, belent heňde buýsanç bilen aýdylýan söz! Watan — il-günüň maddy we ruhy gymmatlyklary, ar-namysy, göbek ganynyň daman ýeri hakyndaky giň, çuňňur manyly mukaddes düşünje. Watan — her bir ynsan üçin iň beýik mukaddeslik. Çünki ol biziň dünýä inen, gözümizi açyp gören, howasyndan dem alan, goýnunda dil bitiren, üstünde şat çagalygymyzy geçiren ene topragymyz. Bu mukaddesligi goramak bolsa uly buýsanç, belent mertebedir. Häzirki wagtda mukaddes Watanymyz, oňa wepaly, ynam-ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar.

Elbetde, eziz Diýarymyzda ýaş harby gullukçylaryň we serkerdeleriň harby tälimlerden netijeli baş alyp çykmaklary hem-de yzygiderli kämilleşmekleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Çünki kämil harby tehnikalara başarjaňlyk bilen erk etjek we dolandyrjak, mukaddes serhedimiziň goragynda sak durjak, öz işlerine ezber serhetçi serkerdeleri taýýarlamak Türkmenistanyň Serhet institutynyň paýyna düşýär. Institutymyzda harby talyplaryň dost-doganlyk serhedimiziň kämil goragynyň inçe tilsimlerini ele almaklary, harby tehnikalara ezberlik bilen erk etmekleri, okuw sapaklaryny ýokary derejede geçmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Olaryň hatarynda elektron atyşhanasy, awtoulaglaryň hereketlerini janlandyrýan simulýator otaglary, taktiki simulýator otaglary bolup, otaglarda okamaga, öwrenmäge, türgenleşmäge ähli şertler bar.

Institutymyzda ýerleşdirilen elektron atyşhanada ýaş serhetçilerimiziň diňe bir mergenlik sungatyny ösdürmek, harby talyplara atyş taýýarlygynyň endiklerini kämilleşdirmek, ýaraglara we söweş tehnikalaryna erk etmeklerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, olara sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçmek, interaktiw usulda howanyň dürli şertlerinde hereket edýän we peýda bolýan açyk we ýaşyryn nyşanalara ýaraglardan atdyrmak arkaly türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. Atyşhanada harby talyplaryň arasynda bäsleşikleri yzygider guramak bilen ýokary netijeleri gazanýarys. Türgenleşikleriň dowamynda harby talyplarymyza ýaraglardan dogry nyşana almak, olaryň dürli görnüşlerine dogumly we başarjaň erk etmek öwredilýär.

Türgenleşiklerde atyşyň kadalaryna laýyklykda ähli hereketleri ýerine ýetirmäge giň mümkinçilik berilýär. Institutyň elektron atyşhanasynda interaktiw usulda geçirilýän okuw-türgenleşiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, dürli görnüşli gönükmeler ýerine ýetirilýär. Harby talyplarymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda atyş ýaraglaryndan ok atmakda geçirilýän bäsleşiklere hem yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ähli okadylýan sapaklar, geçirilýän türgenleşikler we bäsleşikler geljekki serhetçilerimiziň mergenlik ussatlygyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Harby talyplaryň dürli harby tehnikalardan we ýaraglardan ezberlik bilen baş çykarmaklary, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň göreldesini nusga edinip, Watan goragçylarynyň öňlerinde durýan mukaddes borjuny kemsiz ýerine ýetirmekleri üçin, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli mümkinçilikler döredilendir. Biz — harby gullukçylar hem şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň, dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyny has-da pugtalandyrarys.

Watan goragçylaryna görelde hem-de ýörelge mekdebi bolýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Agamyrat Meredow.

  • 40
  • 03.04.2021