MAKALA

Bahar we adam

Ýazlar giň dünýäni sähel salymda

Al-ýaşyl umyda örtüp çykar-da,

Halys eňki agan agaçlar gülläp,

Otjagazlar ýeri börtüp çykar-da,

Ýumry-ýumşak, näzik kömelejikler

Zynç ýaly topragy böwsüp çykar-da,

Ýetirmäge balarynyň rysgyny

Müň bir dürli güller ýeriň astyndan

Hüwwe galyp,

müň bir öwsüp çykar-da...

Ýeri, adam ogly, nämä gam çekýäň,

Nämüçin elenýäň,

Aňşyrmaýarmyň

Bir Güýjüň-Gudratyň baryn ýokarda?!

 

Ölçegden ötede,

aňdan aňyrda

Ýaşyny bir demde gyra süýşüre,

Bu gadymy toprak ýaşlygna dönüp,

Ýylda bir gez görkün täzeläp durka,

Daglar-daşlar gülläp-läleläp durka,

Ýeri, seniň ömrüň gülläp bilmezmi?!

Arzuw-dilegleriň bermezmi hasyl?!

Näumytlyk edip, bolmawer asy!

 

Nirede toprakdan alnan özeniň,

Hany seniň şu toprakdan öneniň?!

Ymgyr tebigaty gülleden Gudrat

Gülletmezmi onuň birje bölegin.

Ýeri, inkär edip bolarmy, heýem,

«Aý, indi hemme zat gutardy» diýýän

Ömrüň birden pasly-ýaza dönerin.

 

Bagry bilen doňan, buz baglan çeşme

Bady-baran, suw-sil, gaýdar-da şaglap...

Göwnüň çog-çog erejegne ynanman,

Sen nämä gam çekýäň ýygrylyp-ýyglap.

 

Sowrulyp aý-ýyllar, ýaşan ýaşlaryň,

Sowulyp gam-gussa, çeken ahlaryň,

Deprenmez döwlete berip ornuny,

Bir pursatda ökje göterip biler

Bu durmuşyň jebri, ýetde-gütdesi.

Bahar şu hikmeti aňmagyň üçin

Biribaryň ýollan birje müddeti.

 

Durka heniz şu toprakda kökleriň.

Eziz topragyňdan örki üzmeseň.

Ynan heran-haçan gülläp biljegňe,

Gül göwnüňi gama-gussa dözme sen!

Duý özüňe gudrat-garaýşy, adam!

Kökleri zeminde,

başy asmanda,

Eý, Taňrynyň tarhan daragty adam!

 

Meňzeşlik

Durmuş bi... Nämeden ýaýdandygyňça,

Gaçsaň, gözlerine ilmejek bolup,

Gel-gel, şol soraglar çykyp öňüňden,

Aýagyňdan alýar ilgençek bolup.

 

Pikir öwrüp, hiç düşünip bolanok,

Tötänlikmi ýa bolýar bu bilgeşlin.

Durmuş!

Sapak bilmän, bukuldygymça,

desbi-dähel aňyp, orta çykaran

mugallymlaryma juda meňzeş sen.

 

Ak güller, ak gar...

Baglar pyntyk ýaryp,

şahada güller

açylanda meňzäp reňkine bagtyň,

Küregenläp-boraganlap gar ýagdy

Orruk-ortasynda şelaýyn martyň.

 

Parç-para ak güller aklyn alan deý,

Keýp edip,

pyrlanyp,

öwsüp ýagdy gar,

Bahary öz yşky öýdüp ýagdy gar,

Miwä öwrülmeli näzijek gülleň

Üstüni bir demde örtüp ýagdy gar...

 

Ah, gar...

Ak gar, nädäýdiň bu baglary...

Asyl, diňmediňem diňäýer ýerde.

Aý, hawa-da...

Kimler söýenine etmeýär zelel,

Kimler öz söýenin goýmaýar derde?!

 

* * *

Men seniň göwnüňden çykyp bilmedim.

Men seniň raýyňy ýykyp bilmedim.

Mert durup, pert durup,

garaman yza,

Köprüleri bir-bir ýakyp bilmedim.

 

Ýogsam, kaýyldym men, ýetikdi gözüm

Bu uzyn ýollarda sensiz oňjagma.

Men ynanyp,

hiç ynanyp bilmedim

Ýykylan bir göwnüň harabasynda

Bagtyň täze köşgün gurup boljagna.

 

Hiç zat bolmadyk deý,

göterip kalpda

Pida bolan bir söýginiň gubruny,

Arkaýyn, şadyýan ýaşabermäniň

Tapmadym hiç utgasyny-ugruny...

 

 

Bagyşladym... gaýra goýup göwnümi,

Hyýallarmyň ýüzün aldym, ret etdim...

Belki-de, şol bolar iň uly hatam,

Belki-de, bu tutuş ömre medetdir —

 

Men seniň göwnüňi ýykyp bilmedim...

 

Öwüşgin

Ýene agşam düşdi. Iňrik garaldy.

Eý, Gün!

Bu bizden ýüz öwürdigiňmi?!

Al şapakda galgap giden öwüşgin

Meniň bir bölejik ömürjigimmi?!

 

Çaga we goja

Barýar syryp ýol ýakasyn,

Bir-birine aýak goşa —

Arzuwa meňzeş çagajyk,

Ýatlama çalymdaş goja.

 

Redaksiýa gelen hatlardan

Haýyş, gowy goşgulary çap ediň,

Kemis bolsa, gaýra goýuň,

Ýüz görmäň!

Bir dogaýy sözden medet tapynyp,

Gör, näçeme kişiň ömri özgerýär!

 

Sena ýaly beýik bolsun goşgular,

Wesýet deý mukaddes,

hüwdi deý sada.

Çeper sözler, şeker sözler yş bolar

Azaşana — çelgi, ugrana — ýoda.

 

Düwünleri çözsün menzil aşyplar,

Şol şygyr doldursyn göwnüýarymy.

Sözi däl-de, ýüzi alnan aşyklar,

Goý, şol goşgy bilen yrsyn ýaryny.

 

Ýazman bolmaz bu owadan dünýäde,

Şygyr! Bu bir hemmä açyk gapydyr.

Goý, hemmeler ýazsyn, ýollasyn,

ýöne,

Haýyş, diňe gowularny çap ediň!

 

Çyn şygyrda asman-zemin hasaby,

Arşdan inip, kalba,

düýşe girýärler...

Kämil goşgular hem kanun mysaly —

Çap edilen günden güýje girýärler.

Kakamyrat Rejebow.

«Nesil» gazeti.

  • 34
  • 03.04.2021