MAKALA

Serhedimiziň sak goragçylary

Beýik Oguz handan gözbaş alýan ençe müňýyllyk taryhymyzyň dürli döwürlerinde halkyň öňüne çykan, durmuşyň çarkandakly ýollarynda ýan bermedik şahsyýetlerimiziň Watanyň parahatlygyny, halkyň asuda durmuşyny goramakda görkezen mynasyp ýollary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem dowam etdirilýär. Çünki ata-babalarymyzyň durmuş terbiýesine öwrülen ýörelgeleri nesilme-nesil sünnälenip, kämil derejede biziň günlerimize ýetirilipdir. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ata-baba aňyrsy watansöýüji, ar-namysy ähli zatdan ýokarda goýýan millet bolan türkmeniň gaýduwsyz ogullary eždatlarymyzyň watançylyk wesýetlerine, ýörelgelerine, beren sözlerine ygrarlydyklaryny ýurt goragynda subut edýärler.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedine öwrülen mukaddes araçägimizde gulluk edýän serhetçi esgerleriň gursaklarynda pederlerimiziň şu topragyň goragynda görkezen gaýduwsyzlyklary gaýnap joşýar. Gullugymyzyň degişli serhet birikmesinde ýurdumyzyň araçägini goraýan ezber ýigitler, esgerler Kadyr Çerkezow, Rozygeldi Penjiýew, Arazmyrat Gaýypow, Sarynyýaz Sarynyýazow dagy kabul eden harby kasamlaryna ygrarly bolup, Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny ak ýürek bilen berjaý edýärler. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň gezen daglarynda serhet ýodalaryny külterleýän bu berdaşly ýigitler öz gullukdaş ýoldaşlary bilen egin-egne berip, hüşgärligi birjik-de elden bermän, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, milli baýlyklarymyzyň goragynda sak durýarlar. Olar Watan öňündäki jogapkärli borçlaryny duýup, serhet goragynda hüşgärlik görkezdiler we Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Watansöýüji ýigitlerimiziň mukaddes harby gullugynda şeýle üstünlikleri gazanmaklary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde döwrebap şertleriň döredilýändigini bellemek örän buýsançlydyr. «Watany goramak ýaly mukaddes borjy ilatly ýerlerden has uzaklarda dürli tebigy şertlerde berjaý edýän serhetçileriň gulluklary nusga alarlykdyr» diýip, bize uly ynam bildirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biz geçirýän harby özgertmelerimiziň çäklerinde serhetçiler hakdaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris» diýmek bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we onuň şahsy düzümi baradaky aladany birjik-de üns merkezinden düşürenok. Muny biz hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap serhet birikmelerimize, serhet galalarymyza iş saparlaryny amala aşyryp, serhetçi esgerler, serkerdeler we olaryň maşgala agzalary bilen duşuşmagynda, olara watançylyk sargytlaryny bermeginde hem görýäris. Şeýle-de serhet birikmeleriniň, serhet galalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, goşun üçin dürli harby tehnikalaryň, enjamlaryň yzygiderli alynmagy bilen goşunyň kuwwatynyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiziň serhetçiler hakyndaky aladalarynyň dabaralanmasydyr.

Özleri üçin edilýän şeýle bimöçber aladalardan ruhlanýan merdana serhetçiler Watanyň iň beýik mukaddeslikdigine düşünip, onuň öňündäki ogullyk borçlaryny duýup, gyşyň aňzak sowugynda, tomsuň jöwzaly yssysynda başlaryny belent tutup ata ýurda gulluk edýärler. Bahar paslynyň gelmegi bilen has gözel görke bürenen dag tebigaty bolsa, olaryň ülkämize bolan söýgüsine söýgi goşýar. Çünki olar baý tebigatymyzyň iň bir ajaýyp künjeklerinde gulluk etmek bilen, onuň gözelliklerini synlaýarlar, şol ajaýyplyklaryň öz Watanynyň gymmatlygydygyna, ony gözleriniň göreçleri deýin goramalydygyna aňryýany bilen düşünýärler.

Kamar Saparow.

  • 63
  • 03.04.2021