MAKALA

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

XVIII asyryň ahyrynda Nusaý şäheri ýaşamagyny bes edip, onuň ýerinde Bagyr obasy peýda boldy. Aňyrsy parfiýalylara baryp direýän bu welaýatda Aşgabat şäheri öňe saýlanýar. XIX asyrdan başlap ýazuw çeşmelerde şäheriň bu ady ýygy-ýygydan agzalyp ugralýar. Hywa taryhçylary Munis we Ägehi türkmen hany Myrat Serdaryň 1818-nji ýylda keseki ýurt hanynyň goşunlary bilen uruşmak üçin, Aşgabadyň we Änewiň ýaşaýjylarynyň hasabyna öz goşun bölümleriniň üstüni ýetirendigini habar berýär. Şol döwürde Aşgabat berkitmeler bilen gurşalypdyr we ahal tekeleriniň merkezi bolupdyr. Şol ýylyň özünde Hubbyguly hojanyň ýolbaşçylygyndaky güýçli keseki ýurt goşuny köp adamlary gyryp, Aşgabadyň we Aşgabat bilen Mänäniň aralygyndaky ýerleriň boşap galmagyna sebäp bolýar. 1853-nji ýylda keseki ýurt şazada Feridun Mürzäniň ýolbaşçylygyndaky keseki ýurt goşunlary türkmen topragyna aralaşýar. Keseki goşunlaryň Emir han tarapyndan baştutanlyk edilýän öňdäki bölümleri Aşgabadyň eteginde berk gaýtawula sezewar bolýar. Söweş uzak dowam edýär. Ýöne şol wagt goşunlary bilen şazadanyň özi hem ýetip gelýär. Türkmenler yza çekilmäge mejbur bolýarlar. Feridun Mürze birnäçe wagtlap Aşgabatda bolandan soň, şäheriň çäginde we onuň töwereginde ýerleşen 36 sany berkitmäni ýumurmaga buýruk berýär. Ýöne şondan soňam Aşgabat ilatly nokat hökmünde ýatlanmagyny dowam edýär. 1856-njy ýylda Aşgabadyň ýaşaýjylary Astrabadyň hökümdaryna garşy 10 müň sany atlyny çykarmagy başarypdyrlar.

Rus çeşmelerinde Aşgabadyň ady 43 sany galanyň sanawynyň içinde «Işkabad» ady bilen 1850-nji ýylda peýda bolýar. Arheologiýa maglumatlar XIX asyryň ahyrynda Köşüdäki Akgala, Könegala we Arçyngala berkitmelerinde, Könegala IV, «Merkez» ýaly hem-de beýleki galalarda ýaşaýşyň dowam edendigine şaýatlyk edýärler. Bu berkitmeleriň ýaşaýjylary diňe bir Aşgabat derýajygynyň we kärizleriň suwundan däl-de, eýsem, töwerekdäki uly bolmadyk, türkmenleriň «kak» diýip atlandyrýan, kiçi suw howdanlaryndan peýdalanypdyrlar.

Rus barlagçysy Stebniskiý 1871-nji ýylda özüniň «Türkmenistan hakyndaky ýazgylarynda» şeýle ýazypdyr: «Hywa we Eýran bilen söwda işini alyp barýan Ashabad şäheriniň... ilatynyň sany Karyzdaka garaňda köpdür... Berkitmeleriň ýarysyndan gowragynyň ýaşaýjylary bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar, beýleki galalarda bolsa ondan daşgary bagçylyga-da üns berýärler». Soňra ol sözüni şeýle dowam edipdir: «Ashabad... şäher diýip atlandyrylýar, ýöne onda berkitme hem bar. Ashabatda... 4000-e çenli öý bar». Şeýlelik bilen, Aşgabadyň «esaslandyrylan» wagtyndan (1881 ý) 10 ýyl öň hem ol şäher diýip atlandyrylypdyr, özem şeýle maglumatlar rus çeşmelerinde gabat gelýär! Eýsem, ýönekeý bir oba Hywa we Eýran ýaly ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilermidi? Ýene-de bir zady sözümiziň üstüne goşalyň: «abat» sözi mydama obany däl-de, şäheri aňlatmak üçin ulanylypdyr. Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sanam gaty kän ekeni. Geliň, 1871-nji we 1892-nji ýyllarda Aşgabatda näçe adam ýaşanyny deňeşdirip göreliň. Stebniskiniň maglumatlaryna görä, şäherde 4 müň sany öý bar eken. Eger çynlakaý pikir edilse, her öýde hojalykbaşy bolan erkek adamyň, onuň aýalynyň we çagalarynyň bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eger her maşgalada 2 çaga bar diýip hasap edenimizde-de, onda 1871-nji ýylda Aşgabatda 16 müň adam ýaşapdyr diýen çaklama döreýär.

Aşgabadyň göýäki bir esaslandyrylan wagtyndan 10 ýyl geçenden soň, ýagny 1892-nji ýylda bolsa onda 13 müň adam ýaşaýar eken. 1882-nji ýylda şäherde bary-ýogy 2 müň adam ýaşapdyr. Aşgabat «obasynda» bolsa, şol bir wagtyň özünde, onlarça müň adam ýaşapdyr. A.B.Batyrow bilen Z.G.Freýkiniň belläp geçmeklerine görä, Türkmenistanda sowet häkimýetiniň ýyllary içinde «ýaşaýjylarynyň sany 5 müň adamdan köp bolan ilatly nokada «şäher» diýlipdir. Eger şeýle bolsa, onda nämä esaslanyp, 2 müň ilaty bolan nokady «şäher» diýip atlandyryp, ilkibaşda 20 müňden az bolmadyk adam ýaşaýan berkitmä-de «oba» diýip bolýarka? Öýleriň sanyndaky tapawudam az däl. Eger XIX asyryň 70-nji ýyllarynda «oba» diýip atlandyrylan ilatly nokatda 4000 sany öý bar diýip hasaplanylan bolsa, 1886-njy ýylyň rus «şäherinde-de» bary-ýogy 368 öý bilen 500-e golaý dükan bar eken.

Ruslar Aşgabady ahalteke topragynyň merkezi hasap edipdirler. Mysal üçin, Kawkazyň goşun serkerdebaşysynyň 1876-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda harby ministre ýollan hatynda Ahalyň obalaryna zarba urup, «ahalteke topragynyň merkezi bolan Ashabada» tarap öňe süýşmegiň we şol ýerde täsirli adamlaryň (hanlaryň, aksakallaryň) hemmesini toplamagyň niýet edilýändigi barada ýazylypdyr.

Aşgabat Ahalyň dolandyryş we söwda merkezi bolupdyr. Onuň amatly ýerde ýerleşmegi şeýle ýagdaýyň döremegine sebäp bolupdyr. Köpetdagyň üsti bilen Aşgabada Eýrandan kerwen ýoluny çekipdirler. Aşgabatdan Türkmenistanyň günbatar we gündogar ýaýlalaryna tarap ýollar şahalanyp gidipdir. Göni Garagum sährasynyň üstünden geçýän kerwen ýodalary bolsa Hywa we Buhara alyp barypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şäherde halkara ähmiýetli ýollar birleşipdir.

1881-nji ýylda Ahalyň hemme ilaty diýen ýaly (45 müňe golaý adam) patyşa goşunlaryna gaýtawul bermek üçin, Gökdepe galasyna ýygnanypdyr. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda gala garşylyk görkezmegini bes edipdir.

(Dowamy bar)

Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň

«Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» kitabyndan.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 34
  • 03.04.2021