MAKALA

Iň ýyndam görnüşini çykardy

Germaniýanyň BMW kompaniýasy iň ýyndam sedan awtoulagyny tanyşdyrdy. Tizligi sagatda 305 kilometre ýetýän «BMW M5 CS» atly ulagyň ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Ulagyň kuwwatly bolmagynda ozalky görnüşlerden ýeňil bolmagynyň we aerodinamikasynyň gowulandyrylmagynyň täsiriniň bardygy mälim edildi. 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,9 sekuntda ýetýän «BMW M5 CS-iň» kuwwaty 627 at güýjüne barabar. Ulag, ilkinji nobatda, ABŞ-da, soňra Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar. «BMW M5 CS» ulagy ozalky model bolan «M5 Competition-dan» 105 kilogram ýeňil. 2022-nji ýyla degişli boljak ulagyň önümçiligine mart aýynda başlanar.

zamanturkmenistan.com.tm

  • 37
  • 03.04.2021