MAKALA

Iň köp gürlenýän diller

«Dünýäde iň köp gürlenýän diller haýsy?» diýip soralsa, dessine «Iňlis, rus dilleri» diýip jogap bermegimiz mümkindir. Sebäbi bu diller hakynda biz ýygy-ýygydan eşidýäris. Emma bu olaryň dünýäde iň köp gürlenýändigini aňladýarmyka beri?! Ynha, bu welin oýlandyrýar. Şu pikir bilen internet maglumatlaryna ýüzlendim. Görüp otursam, ýokarda ady agzalyp, iň köp gürlenýän dillerdir diýip çaklap aýdanlarym dogry çykdy, ýöne olar sanawda yzrakky orunlardan ýer alan eken.

1. Dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň kerwenbaşysy hytaý dili. Bu dilde dünýä ýüzündäki adamlaryň altydan biri gürleýär.

2. Bu diliň yzysüre, ikinji orny bolsa özüniň 528 million adam sany bilen hindi dilinde gürleýänler eýeleýär.

3. Ispan dili bu babatda üçünji orunda durýar.

4. Biziň ýokarda birinji bolup adyny agzan iňlis dilimiz bolsa, berilýän maglumatlara görä, sanawymyzda dördünji orunda durýar.

5. Hasaplamalara görä, arap dilinde gürleýänleriň sany 315 million bolup, arap diliniň hem edil hytaý dili ýaly köp sanly şiwe dilleri bar.

6. Dogryňyzy aýdaýyň, siz sanawda bengal dili bardyr hem öýtmediňiz gerek?! Aslynda welin bar, özem ol bu babatda altynjy orunda durýar.

7. Häzirki wagtda Braziliýanyň, Goanyň, Angolanyň, Mozambigiň we başga-da birentek ýurtlaryň ilaty portugal dilinde gürleýär. Şunlukda, hasaplamalara görä, bu dilde gürleýän adamlaryň sany 220 milliona barabardyr.

8. Biziň ilkinjileriň hatarynda goýýan rus dilimiz bu sanawda sekizinji orunda bolup, bu dilde, takmynan, 153 million adam gürleýär.

9. Ýaponiýanyň o diýen uly bolmadyk adada ýerleşýändigine garamazdan, bu ýurduň dilinde gürleýänleriň sany 128 milliona barabardyr.

Özleriniň ene diliniň başgadygyna garamazdan, daşary ýurt dilinde gürleýänleriň umumy sany boýunça hasaplama geçirilende, ol eýýäm başgaçarak sanawy düzýär.

Kümüş Nurjanowa,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.

  • 36
  • 06.04.2021