MAKALA

Ejem bilen hyýaly söhbet

Eje, öňkiň ýaly şol hysyrdanyp,

Işi bilen bolup ýörsüň içeriň.

Mahal-mahal ýatlap esger ogluňy,

Isleýänsiň günlerimiň geçerin.

 

Bilýän, meni gelýändir zol göresiň,

Durkum bilen küýsegiňe öwrüldim.

Durmuşda ätmeli dogry ädimi,

Sypaýy bolmagy senden öwrendim.

 

Elleň şemal deýin başym sypanda,

Büs-bütin ýat boldy agyry-ynjy.

Mähirden püre-pür gara gözleňde,

Nurana ýüzüňde bolmasyn ünji.

 

Sen maňa mähriban, eziz bar zatdan,

Seni söýüşim dek söýýän Watany.

Gel, eje, hyýalda ikiçäk oturyp,

Güýjän arzuwlara umyt gataly.

 

Men her günde guwanç bilen ýatlaýan,

Ýigit çykamsoňam «körpäm» diýşiňi.

Bilýänsiň, jan käbäm, çyn ýüregimden,

Watanymy hemem seni söýşümi.

 

* * *

 

Günler göwnüň ýaly owadan gelsin,

Dünýäň özem bilsin seniň gowlugňy.

Özümiz ederis ähli işleri,

Sen güýmeseň bolýar agtyk-çowlugňy.

 

Sen olara mährem ene hem mama,

Kakamyza wepaly ýanýoldaşsyň.

Käbäm seniň ýyly mähriňden ganyp,

Ele galam alyp, şygra baş goşdum.

 

Okap berýän şygyrlarmy alnyňda,

Her setirde seniň adyň ýaňlanýar.

Şygyrlarym näçe şowly bolsa-da,

Hüwdüleň olardan has köp diňlenýär.

 

Bu-da enäň gudratyndan nyşandyr,

«Gudrat bilen bina bolýar adamzat».

Doglan günüň gutly bolsun, jan käbäm!

Janyň sagat bolsun, maşgalaň abat!

 

Ejeme

 

Çaga sallançagma bag dokan eller,

Öňde-soňda dert görmesin ylaýym.

Maňlaýyna gasyn salsa-da ýyllar,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Gana-gana boý aldym men mährinden,

Mydam hyzmatynda durmaga taýyn.

Bize ýer berip dur göwün şährinden,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Nurana gözleri kütelmä derek,

Ýitileşýär sagatsaýyn, günsaýyn.

Bolup ugrumyzda mydam janserek,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Sözlän sözi, ýylgyryşy şypaly,

Mähir bilen garşy alýar, gün-aýyn.

Öwüt berýär: «Boluň ýurda wepaly»,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Käýinen wagtyna duşamok heniz,

Sözleýär ol bilip ýerin hem jaýyn.

Kemala getirdi iki ogul, bäş gyz,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Indem durmuş ýollaryna ugradýar,

Diläp perzentlerniň bagtdan paýyn.

Nirede bolsagam kalby ýyladýar,

Ol şeýle mylaýym, şeýle mylaýym.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 30
  • 06.04.2021