MAKALA

Sport çäreleri ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ynha, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary derejede bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler giňden ýaýlaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem harby bölümlerinde Bütindünýä saglyk gününiň çärelerine giň gerim berilýär.

Baýramçylyk mynasyýetli ähli harby gullukçylaryň arasynda sportuň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, şaşka, küşt we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar gyzgalaňly geçirilýär. Ýaryşlara gatnaşýan serhetçi türgenlerimiz türgenleşiklerde öwrenen tilsimlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ynha, şeýle ýaryşlaryň biri, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş Serhet institutynda hem guramaçylykly ýagdaýda gyzgalaňly geçirildi. Ýaryşa harby talyplar we çagyryş boýunça harby gullukçylar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda harby talyplaryň ýygyndy topary ýeňiş gazanmagy başardylar.

Bulardan başga-da, Gullugymyzyň harby bölümleriniň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda sport maşklary hem-de welosipedli ýörişler dowamly geçirilýär. Geçirilýän sport çärelerine harby gullukçylarymyz işjeň gatnaşyp, özleriniň saglyklaryny berkidýärler. Serhetçi türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarlar.

Eziz Aşyrow.  

  • 41
  • 06.04.2021