MAKALA

Eneler

Ýaraşykdyr ak öýleriň törüne,

Parasatdan ýükün jemlän eneler.

Ezizligi, mähremligi özüne,

Hemişelik ýaran eýlän eneler.

 

Perzentlerin çyn ýürekden söýerler,

Pent-ündewi gursaklarna guýarlar,

Derdi bolsa nazaryndan duýarlar,

Penasynda ganat gerýän eneler.

 

Kim olara hormat goýsa ebedi,

Oňuna bor tutumlary, edeni,

Doga-tumar deýin enäň dilegi,

Ak patasy gurbat berýän eneler.

 

Ajap döwran, bagtly döwrümiz bardyr,

Nusgalyk görelde, ömrüňiz bardyr,

Ýüreklerde baky ornuňyz bardyr,

Dileg-dogaňyzdan derdi kemeler —

Dünýäň baky dowamaty eneler.

Aýjahan Öwezberdiýewa.

«Zenan kalby» žurnaly.

  • 41
  • 08.04.2021