MAKALA

Çempionlar ligasy: «Real» we «Mançester Siti» utdy

Ýewropanyň iň naýbaşy kuboklarynyň biri hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Ispaniýanyň «Real Madrid» topary öz meýdançasynda Angliýanyň «Liwerpul» toparyny, Angliýanyň «Mançester Siti» topary öz meýdançasynda Germaniýanyň «Borussiýa Dortmund» toparyny kabul etdi.

 

«Real» topary «Liwerpuly» 4-nji gezek ýeňýär

«Real Madrid» topary «Liwerpul» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda «Realyň» düzüminden Winisuis Junior (2 gol) hem-de Asensio tapawutlandy. «Liwerpul» toparynyň ýeke-täk goluny Mohammad Salah öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, «Real Madrid» topary «Liwerpul» toparyny mundan ozalky Çempionlar ligasyndaky duşuşyklar bilen bir hatarda 4-nji gezek ýeňdi.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň beýleki oýnunda «Mançester Siti» topary öz meýdançasynda Germaniýanyň «Borussiýa Dortmund» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. «Mançester Sitiden» De Bruýne hem-de Fil Foden tarapwutlandy, «Borussiýa Dortmund» toparyndan Roýs tapawutlandy.

www.atavatan-turkmenistan.com

  • 41
  • 08.04.2021