MAKALA

Merjen paýtagtymyzyň geçmişi we şu güni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan goşa toýly ýylymyzyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz merjen paýtagtymyzyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi. Mähriban Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna mynasyp derejede taýýarlyk görmek hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda Merkezi Aziýanyň merjeni, Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine, halkara ähmiýetli maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän sebit merkezine öwrülendigini aýratyn nygtamagy bizi juda buýsandyrdy.

Aşgabat baý taryhy bolan şäherdir. Taryhy maglumatlar bu ýeriň asyrlaryň jümmüşinde mes toprakly, bereketli sähra, durmuş gaýnap joşýan kerwen ýollarynyň çatrygy bolandygyny tassyklaýar. Geliň, ak şäherimiz Aşgabadyň taryhyna degişli şeýle wakalary gysgaça ýatlap geçeliň!

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän gadymy Nusaý öz döwründe dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Ol Rim imperiýasy bilen bäsleşen kuwwatly Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Nesilbaşymyz Oguz hanyň agtyklary, ýagny aslyny Günhanyň ogly Gaýadan alyp gaýdan Gaznalylar, Deňiz hanyň ogly Kynygyň nebereleriniň esaslandyran Beýik Seljuklylar, Ýyldyz hanyň ogly Begdiliniň nesilinden bolan Horezmşalar döwründe-de Nusaý ähmiýetli gala bolupdyr. Merjen paýtagtymyz Aşgabat ady bilen esaslandyrylmagynyň geçen 140 ýylynyň içinde köp taryhy wakalara şaýat boldy. Bu barada Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýy mynasybetli çap edilen «Aşgabat söýginiň we umytlaryň şäheri» atly kitapda şeýle maglumatlar bar: «1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet berkitmesi döredilipdir we şäher Zakaspiý oblastynyň administratiw (dolandyryş) merkezine öwrülipdir. 1919–1927-nji ýyllarda Poltaraskiý diýlip atlandyrylypdyr. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň paýtagty derejesine eýe bolupdyr. 1927-nji ýylda oňa Aşgabat diýen milli at berlipdir».

Aşgabat Krasnowodsk (Türkmenbaşy) — Daşkent demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen ösüş ýoluna başlaýar. Aşgabatda bazarlar, hyzmat ulgamyna degişli dürli binalar, teatrlar, mekdepler açylýar. Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi üçin bu şähere dünýäniň dürli ýerlerinden söwdagärler, telekeçiler hem gelipdir.

Geçen asyryň 20–30-njy ýyllarynda, aýratyn hem, Respublikanyň paýtagty derejesine eýe bolandan soň, şäher şol döwrüň mümkinçiligine görä ösdürilipdir, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, teatrlar, kinoteatrlar, seýilgähler gurlupdyr. Şäheriň ösmegi bilen durmuş zerurlygy bolan aragatnaşyk we ulag ulgamy hem ösüpdir.

Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen Aşgabadyň binagärlik keşbinde täze ösüş döwri başlanýar. Ruhyýet köşgüniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň amaly-haşam we şekillendiriş muzeýiniň we beýleki birnäçe binalaryň keşbinde milli äheňler öz beýanyny tapýar.

Bagtyýar zamanamyzyň binýadyny berkden goýan Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna gelmegi bilen, söýginiň we umytlaryň şäheri bolan merjen paýtagtymyz düýbünden täze keşbe eýe boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiziň binagärlikde sungat eseri bolan Aşgabat bu gün her biri aýratyn waspnama mynasyp ak mermerli binalary, aýna ýaly tekiz we göni şaýollary, serhowuzly seýilbaglary bilen halkymyzyň eşretli durmuşynyň nyşanyna öwrüldi.

Dursunjemal Paltaýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

«Watan» gazeti.

  • 48
  • 08.04.2021