MAKALA

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:

«Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy we 18-nji maddalaryna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelindäki birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça:

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 14-nji apreli.

№ 4-I.

  • 39
  • 14.04.2021