MAKALA

Täsin goraghana

Günbatar Afrikadaky iň uly tebigy seýilgähiň täsin ady bar. Niger derýasynyň ugrundaky «W» goraghanasy üç döwletiň — Nigeriň, Beniniň we Burkina-Fasonyň çäginde ýerleşýär. 1954-nji ýylyň 4-nji awgustynda düýbi tutulan bu tebigy seýilgähe ýerleşiş aýratynlygyna görä at dakylypdyr. Guş uçar belentlikden synlanyňda goraghananyň ýaýylyp ýatan ýerlerinde Niger derýasynyň iki gezek öwrüm berip, W harpyna çalym edýändigi aýyl-saýyl bildirýär. «W» goraghanasy 10 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany eýeleýär. Onuň çäkleri üç döwlet tarapyndan hem berk goralyp saklanýar. Goraghananyň 2200 inedördül kilometri Nigere, 5630 inedördül kilometri Benine, 2350 inedördül kilometri Burkina-Faso degişlidir.

«W» goraghanasy 1996-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulypdyr. Gadym wagtlarda ýaşaýyş gaýnap joşan bu künjeklerden arheologlaryň ünsüni özüne çekýän, geçmişiň syrly sowallaryna jogap berýän neolit döwrüne degişli dürli taryhy tapyndylar köp ýüze çykarylýar.

«W» goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Bu tebigy seýilgäh 500-e golaý dürli görnüşli ösümlikleriň mesgenidir. Orhideýa gülleriniň iki görnüşi diňe şu ýerde duş gelýär. Ýylanlaryň birnäçe görnüşi bar. Suwlarynda äpet krokodiller gabat gelýär. Balyklaryň bolsa 114 görnüşi hasaba alnypdyr.

Bu ýerde pil, gäwmiş, keýik, begemot ýaly süýdemdirijiler, pişikler maşgalasyna degişli gaplaň, ýolbars, geçigaplaň, serwal (agaç pişigi) ýaly ýyrtyjylar, maýmynyň dürli görnüşleri (martyşka, babuin), menek-menek syrtlan, murawýed, borodawoçnik (ýekegapanyň bir görnüşi) duş gelýär. Goraghananyň esasy buýsanjy afrika žiraflarydyr. Dünýäde žirafyň bu görnüşiniň bary-ýogy 200 sanysy bolup, ýitip gitme howpy abanýandygy üçin goralyp saklanýar. Olaryň köpüsi «W» goraghanasynda, az sanlysy bolsa Çad döwletinde duş gelýär. Goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşliligi bu ýerdäki san-sajaksyz suwly güzerlere baglydyr.

Tebigy seýilgähiň ýene-de bir aýratynlygy ornitologlaryň (guşlary öwreniji) ünsüni özüne çekýär. «W» goraghanasyny ganatlylar maşgalasynyň 350 töweregi görnüşi ýaşaýyş mesgeni edinipdir. Bulardan başga-da bu ýere guşlaryň 200 görnüşi gyşlamaga gelýär. Şeýle köp mukdardaky guşlaryň mekanyna öwrüleni üçin «W» goraghanasy Guşlary goramagyň halkara guramasy tarapyndan wajyp ornitologik merkez hökmünde bellige alnypdyr. Dünýäniň 170 döwletinde şeýle ornitologik merkezleriniň 13 müň sanysy bar.

Tebigy seýilgähde guraklyga çydamly baobab, dürli tikenli agaçlar ösýär. Olar tomsuna haýwanlary jöwzadan goraýar.

«W» goraghanasyna diňe ýolbelet bilen seýil etmäge rugsat berilýär. Syýahatçylar üçin gezelenç etmäge dekabr — aprel aralygy amatlydyr. Sebäbi şol döwürde tebigatyň bu künjegi janlanyp, özüniň täsin gözelligi bilen maýyl edýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Orazgül Annamämmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

«Ahal durmuşy» gazeti.

  • 21
  • 15.04.2021