MAKALA

Bilim we tehnologiýa

Globallaşan dünýäde döwrümiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ylmyň we tehnologiýanyň ýokary tizlik bilen ösýänligidir. Bu bolsa öňki bilýän maglumatlarymyzyň barha tiz könelişip, täze maglumatlary öwrenmek zerurlygynyň çalt ýüze çykmagy diýmekdir. Bu täzeleniş has-da bilim ulgamyna özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Dünýä biliminiň ösüşi bilen deň ädim ätmek, şeýle-de okuwçylary döwrüň talaplaryna laýyk okatmak üçin derslerde neşir edilen okuw gollanmalary bilen deň hatarda, tehnologiýanyň hem utgaşykly ulanylmaklygy döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, «bilim tehnologiýalary» diýilýän okuw maksatly elektron enjamlar, programma üpjünçilikleri, internet ulgamy döwrümizde netijeli bilim bermekde esasy serişdelerdir.

 

Geçmişden şu güne...

Has irki döwürde adamlaryň gowaklara surat çekmegi bilen başlanan bilim tehnologiýasy mekdeplerde ýazuw tagtalarynyň, sanaw çöpjagazlarynyň, çotuň, kalkulýatorlaryň, proýektorlaryň, kompýuteriň, interaktiw we mobil enjamlaryň, şeýle-de internetiň ulanylmagy bilen öz taryhyny emele getirdi. 1960-njy ýyllarda ABŞ-nyň Stenford uniwersitetiniň professorlary P.Suppes we R.Atkinson orta mekdebiň okuwçylaryna kompýuteriň üsti bilen dürs ýazuwy we matematikany öwretmegi synap görýärler. 1986-njy ýylda bolsa ilkinji onlaýn ders amala aşyrylýar. Bu tejribelerden alnan oňyn netije bolsa Stenford uniwersitetiniň aýratyn zehinli çagalary okatmak işine uly itergi berýär. 2002-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusetts tehnologiýalar institutynyň mugt onlaýn dersleri berip başlamagy, 2008-nji ýylda Kanadada 20 müňden gowrak okuwçynyň wideoşekilli okadylmagy bolsa häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ulanylýan kompýuter tehnologiýasynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň wajyplygynyň iş tejribesinde aýdyň subutnamasy bolýar.

 

Näme üçin tehnologiýa utgaşykly dersler zerur?

Çünki çaga eýýäm mekdebe barmanka elektron enjamlar bilen ösüp ulalýar. Oýnaýan oýunlaryndan başlap, tomaşa edýän multfilmlerine çenli ählisi täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly bolansoň, bu günki gün ylym-bilim ulgamyny innowasion tehnologiýalary ulanmazdan göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Eýsem, bilim tehnologiýalary okuwçynyň öwreniş ukybyna nähili täsir edýär?

Okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10%-ini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20%-ini, tomaşa edip öwrenenleriniň 30%-ini, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50%-ini, sözläp, gürrüň berip öwrenenleriniň 70%-ini, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň 90%-ini ýatda saklap bilýär. Şu nukdaýnazardan çemeleşilende, häzirki wagtda okuw kitaplarynyň ýany bilen bilim tehnologiýalarynyň derslerde utgaşykly ulanylmagy okuwçynyň maglumatlary diňe birtaraplaýyn däl-de, eýsem, köptaraplaýyn kabul etmegine, netijede bolsa, öwreniş hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

 

Bilim tehnologiýasy dersi näderejede baýlaşdyrýar?

Saz gurallarynyň aýdymy bezeýşi, oňa öwüşgin berşi ýaly, bilim tehnologiýalary hem dersleri çuňlaşdyryp öwretmäge, maglumat taýdan baýlaşdyrmaga, derslerde wagty tygşytlamaga, dürli öwreniş aýratynlyklary bolan okuwçylaryň ählisiniň derse netijeli düşünmegine ýardam edýär. Emma saz gurallarynyň diňe özi ýeterlik bolman, eýsem, ony çalyp bilýän ussat sazandanyň zerur bolşy ýaly, ilkinji nobatda, bilim tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilýän ussat mugallym hem zerurdyr. Muňa mysal getirsek, öňler interaktiw usulda ders geçmek diýleninde, diňe proýektory, kompýuteri we interaktiw tagtany birikdirip, okuwçylara Powerpoint prezentasiýalaryny görkezip ders geçmeklik öýdülýärdi. Emma asyl interaktiwlik — munuň özi mugallym merkezli ders usulyndan saplanyp, okuwçy merkezli ders usulyna geçmeklikdir. Mugallymyň özi ähli zady kompýuterde görkezip, okuwçylaryň bolsa sesini çykarman diňläp oturyp, dersi tamamlamagy interaktiw usul däldir. Interaktiw tagta okuwçynyň ähli öwrenýän maglumatlaryny wirtual görnüşde ýerine ýetirip, synap görýän tejribe meýdançasy bolmalydyr. Bilim tehnologiýalary bilen ders geçmeklige görülýän taýýarlyk hem adaty derslere görülýän taýýarlykdan has tapawutly bolýar. «Okaň, ýazyň, jogap beriň!» usuly adaty derslere garanyňda, tehnologiýa bilen utgaşdyrylýan derslerde okuwçy özüniň dersde oturandygyny duýman, ýadaman, bar ünsüni derse gönükdirip öwrenýär.

 

Bilim tehnologiýasy we oýunlar

Bilim tehnologiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan maýkrosoft we android platformalary üçin niýetlenilen öwrediji oýunlaryň bu günki gün her derse, her ýaşa niýetlenilen görnüşleriniň sany ýüz müňlerçe. Dersi netijeli düşündirmekde we olaryň bilimini barlamakda örän uly ähmiýeti bolan bu oýunlaryň içinden ders üçin iň gowusy saýlanylmalydyr. Şol bir gönükmäni nusgawy usullarda işlemegiň deregine, kompýuter oýunlary arkaly amala aşyrmak dersiň gyzykly geçmegine hem-de okuwçylaryň höwesli gatnaşmagyna ýardam edýär. Şeýle wirtual oýunlaryň ýene bir esasy ähmiýeti ol hem okuwçylar oýunlaryň üsti bilen soraglara jogap berenlerinde ýa-da çözgüdi agtaranlarynda ýalňyşmakdan gorkmaýarlar. Bu bolsa olara dersiň dowamynda özlerini has erkin we ynamly duýmaga ýardam edýär.

 

Wirtual synp

Häzirki wagtda «e-learning» ady bilen giňden tanalýan uzak aralykdan ýa-da onlaýn okuw wirtual synpyň iň gowy mysalydyr. Okuwçy öýde ýa-da mekdepde kompýuteriň başyna geçip, onlaýn usulda mugallymlaryň derslerine gatnaşýar. Mugallym birbada onlaýndaky ähli okuwçylar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly olaryň düşünmedik ýerlerini gaýtadan hem düşündirýär. Wirtual synplaryň amatly taraplary onlaýn derslerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň mugallymlarynyň okatmak mümkinçiliginiň bolmagydyr. Daşary ýurt dillerini çalt özleşdirmeklige, dünýä tejribesinden peýdalanmaklyga, bilim hyzmatdaşlyklaryny amala aşyrmaga ýardam edýän onlaýn okuwlar bilim tehnologiýasynyň iň möhüm miweleriniň biridir.

 

Geljekde mekdeplerde robotlar okadarmy?

XXI asyra geçilmegine bir-iki ýyl galanda täze ýüzýyllykda ynsan durmuşynda bolup geçmegine garaşylýan täzelikler barada bir makala okapdym. Şol ýyllarda orta mekdepde okuwçy bolamsoň, makalada meni iň geň galdyran zatlaryň biri hem öňümizdäki asyrda mekdeplerde mugallymlaryň ornuna robotlaryň ders geçjekdigi baradaky maglumat bolupdy. Elbetde, häzirki döwürde «Artificial intelligence» diýilýän emeli aňyň ösmegi bilen kämilleşdirilen şeýle robotlar bar. Olar gysga wagtda okuwçylara köp maglumaty ýetirip, olaryň bilimini tiz wagtda barlap bilýär. Emma olar hakyky mugallymlar ýaly okuwçylara goltgy, ruhy goldaw berip bilmeýär. Dersi synpyň öwreniş tizligine görä dowam etdirip başarmaýar. Okuwçylaryň haçan dersden üzňeleşendigini duýmaýar. Synpda özara duýgy bagyny emele getirip bilmeýär. Şeýle ýagdaýlary göz öňünde tutsak, mugallymlaryň ornuny robotlaryň almagy känbir mümkin görünmeýär.

 

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerini kämil bilim tehnologiýalary bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli tehnologiýalarymyzy öndürmäge hem giň badalga berildi. Amala aşyrylýan bu asylly işler bolsa ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň milli tehnologiýalarymyz bilen bilimlerini çuňlaşdyrmagyna çäksiz mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda amala aşyrylýan onlaýn dersler, seminar okuwlary, wideoşekilli ders bäsleşikleri we beýlekiler ata Watanymyzyň hem bilim ulgamynda tehnologiýanyň ornunyň örän uludygyny görkezýär.

 

Şageldi Ýabanow,

«Nesil» gazeti.

  • 37
  • 15.04.2021