MAKALA

Eje

Ukusyz geçiren gijeleriňi,

Bir gezegem dile alaňok, eje!

Ýyllar küteltse-de dideleriňi,

Irginsiz zähmetden doýaňok, eje!

 

Men seniň bolşuňa galýaryn haýran,

Sende merdemligiň nusgasyn görýän.

Mähir ummany sen, ýanyňa barýan,

Mylaýym sesiňden ganamok, eje!

 

Özi ýaly giň sen bu uly dünýäň,

Gözüme perişde bolup görünýäň!

Ulam bolsam, maňa «körpejäm» diýmäň

Janyma ýaraman duranok, eje!

 

* * *

Eje, saňa barýan ýolda,

Gowulyklar jemlenipdir.

Mähir arygy gözleriň,

Näme beýle nemlenipdir?

 

Meň ýoluma garap-garap,

Ýaş doldumy gözleriňe?

Öz bagryňdan öneniňi,

Ýüregiňden gözle diňe.

 

Ýüregmiziň urgusy bir,

Gulak sal onuň sesine!

Saňa eltýän ýola eje,

Gadam goýdum şu gün ýene.

 

Gamlanma

 

Gözlerňi ýoluma dikip,

Garaşyp otyrmyň, eje?!

Senden ýeke haýyşym bar,

Şony sen bitirmiň eje?!

 

Gamlanmasaň, bolýar maňa,

Sen şat bolsaň, men şatdyryn.

Mähriňden joş alan wagtym,

Kalbyma sygmaz şatlygym.

 

Sanap oturma günlermi,

Sygmaz olar barmagyňa.

Eje, az galdy gullugmy,

Berjaý edip barmagyma.

 

Ynanmarsyň, ynha bir gün,

Ir ertir gapyňy kaksam.

Öňüňde duran mendirin,

Gyssanyp, daşaryk çyksaň.

 

* * *

Entek Gün ýaşanok, eje,

Bararyn men gijä galman.

Biz ýene söhbet ederis,

Aşagynda güllän almaň.

 

Garaňky gatlyşsa-da hiç,

Oturarys daşda bile.

Arşyň ýere düşen güli,

Öýderis biz almagüle.

 

Aprel gijesinde şeýdip,

Synlarys Aýyň ýaşyşyn.

Men hökman bararyn eje,

Ýöne sen maňa garaşgyn!

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 44
  • 15.04.2021