MAKALA

Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet Uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirdi.

Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Parlamentiniň wekilleri, Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, Bişkekde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri hem-de türkmen-gyrgyz dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşi barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty barada durup geçdi.

Tegelek stoluň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasaty hem-de hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmekdäki we durnukly ösüş üçin laýyk gelýän şertleri döretmekdäki tagallalary bababatynda bellediler.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň hem-de türkmen halkynyň baý taryhy, medeniýeti we sungaty baradaky kitaplaryň we žurnallaryň sergisi gurnaldy.

 

neutrality.gov.tm

  • 26
  • 15.04.2021