MAKALA

Kanunçylyk özgertmelere bagyşlanan maslahat

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde bolşy ýaly, şu gün Merkezi edarasynda hem «Kämil hukuk binýady — Watanymyzyň kuwwaty» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Gullugymyzyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Kerimguly Geldiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Merkezi Geňeşiniň wekili Begenç Baýramow dagylar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylan taryhy waka — Mejlis hem-de Halk Maslahaty diýip atlandyrylýan iki palatany özünde birleşdirýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi barada täsirli hem buýsançly gürrüňleri etdiler.

Ýadymyzda bolsa, halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyndan ugur alýar.

Maslahatda berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki palataly parlamente öwürmegiň ähmiýeti, onuň döwletimizde durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň has-da okgunly öňe gitmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary deýin össmegini üpjün etmäge ýardam etjedigi dogrusynda bellenilip geçildi.

Maslahatyň dowamynda harby gullukçylar — Amanmyrat Hojatekäýew, Maksatmyrat Atabalow, Döwran Sopyýew, Selbi Aşirowa dagylar hem çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmeginiň ýurdumyz bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem kanunçylyk binýadynyň has-da berkemeginde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy bilen  tüýs ýürekden gutladylar, şonuň ýaly-da hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jemgyýetimizi we döwletimizi demokratiýalaşdyrmak ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Hekim Durdyýew.

  • 66
  • 15.04.2021