MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň salgyt ulgamynyň ýola goýulmagy

 

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti barada ençeme işleriň awtory S.Agajanow döwletiň girdeji we çykdajy ulgamyny alyp barýan, salgyt ulgamynyň hem esasy gözegçisi Diwan-i istifanyň doly adyny şeýle belleýär: «Bu diwanyň doly ady «Diwan-i istifa-ýi mamalik» bolup, ol arap çeşmelerinde «Diwan al-zimam wa-l-istifa» diýlip berilýär».

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň salgyt ulgamyna belli bir derejede ýer eýeçiligi hem-de ýer eýeleri bilen daýhanlaryň arasyndaky gatnaşyklar öz täsirini ýetiripdir. Orta asyrlarda juda uly ýerlere eýeçilik eden ýer eýeleri (yktadar ýa-da mukta) hem-de onuň şahsy emlägine degişli bolan uly ýer bölegi (ykta) bu döwletde ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň esasyny düzüpdir. Yktadarlar ýa-da iri ýer eýeleri daýhanlardan irki orta asyrlardan bäri dowam edip gelýän, esasy hasyl salgydy bolan hyraç ýygnap, onuň belli bir böleginiň hasabyna esger saklapdyrlar.

Iri ýer eýeleri bilen daýhanlaryň arasyndaky gatnaşyklary dogry ýola goýmakda soltan Alp Arslanyň we Mälik şanyň weziri Nyzam-al-Mülküň hyzmaty örän uludyr. Daýhanlardan salgyt ýygnamak meselesinde düzgün bozulmalaryň seýrek duş gelýändigini we olara berk çäreleriň görülendigini taryhy maglumatlar habar berýär. Aýratyn-da, bu barada wezir Nyzam-al-Mülküň «Syýasatnama» eserine salgylanyp, belli taryhçy W.W.Bartold öz işlerinde beýan edýär. Döwletde soltanlar Togrul beg we Çagry beg döwründe eýýäm salgyt ulgamy belli bir derejede ýola goýlupdyr. Soltan Togrul beg ömrüniň aglaba bölegini at üstünde ýörişlerde geçiripdir. Döwleti edara ediş işlerinde onuň agasy Çagry beg juda oýlanyşykly hereketler edip, döwletiň dolandyryş ulgamyny döredipdir. Beýik Seljuk türkmen döwleti özüniň çägi boýunça juda uly we ykdysady taýdan kuwwatly bolupdyr. Şonuň üçin hem döwletiň kemala gelşiniň ilkinji günlerinden başlap kämil dolandyryş ulgamy bilen birlikde döwletiň uly girdeji bölegi bolup durýan, esasy girdeji çeşmeleriniň biri, çeýe salgyt ulgamy döredilipdir. Bu döwletiň çeýe salgyt ulgamy döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir.

Mälik şa döwründe bu döwlet demirgazyk Hytaýdan başlap, Müsüre, Kiçi Aziýa, Kawkaza çenli aralygy öz içine alypdyr. Günbatarda kuwwatly Wizantiýa imperiýasy oňa paç töläpdir, köp döwletler oňa garaşly ýagdaýda bolupdyr. Şol ägirt uly çägi dolandyrmak üçin uly edara ediş sungat hem-de döwlet diwany, salgyt ulgamy zerurlyk bolupdyr. Bu hökümdarlyk bilen olara garaşly bolan sähra taýpalarynyň arasynda ýokary derejede gatnaşyk bolupdyr. Harby gulluk edýänlere döwlet öri meýdan, ýer, suw beripdir. Bu döwletde ýaşaýan göçme taýpalar ýer, suw we öri meýdanlary üçin salgyt töläpdirler. Döwletiň çägindäki göçüp-gonup ýören çarwalaryň töleýän salgytlary olar üçin çökder bolmandyr. Bu barada hem döwletiň belli weziri we döwlet işgäri Nyzam-al-Mülk özüniň «Syýasatnama» eserinde gymmatly maglumatlary ýazyp galdyrypdyr.

Bu döwletde esasy merkezleriň biri, köp milletli, ykdysady, syýasy we medeni merkez Horasan welaýaty hasaplanypdyr. Bu döwletiň taryhyny öwreniji alymlar Horasan welaýatynyň köp milletlidigini we ony dolandyrmak üçin çeýe diplomatiki syýasatyň zerur bolandygyny belleýärler.

Döwletiň taryhy barada belli işleriň awtorlarynyň biri hem, belli türk taryhçysy M.Köýmendir. Ol özüniň «Beýik Seljuk imperiýasynyň taryhy» (Büýük Selçuklu imperatorlugu tarihi, cilt II. Ankara. 1954ý.) atly işinde döwletiň kemala geliş döwründe soltan Çagry begiň bu döwletiň ykdysadyýetiniň ösmegi babatda köp işleri bitirendigini belleýär. Şeýle-de Beýik Seljuk türkmen döwletinde ýola goýlan salgyt ulgamynyň köp babatda Gaznaly we Garahanly türkmen döwletlerinde hereket eden salgyt ulgamyna meňzeşdigini, umuman, orta asyrlardaky türkmen döwletlerinde hereket eden salgyt ulgamynyň meňzeşlikleriniň hemişe gaýtalanyp durandygyny nygtaýar. Bu döwletde ýola goýlan kämil salgyt ulgamy döwletiň ykdysady ösüşini görkezýän ýagdaýlary şöhlelendiripdir.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 39
  • 15.04.2021