MAKALA

«Bentley» kompaniýasyndan sagat

«Bentley we Breitling» kompaniýasy ikisi bilelikde «Premier B21 Chronograph Tourbillon 42 Bentley Limited Edition» atly sagadyny öndürdiler. Sagadyň bezegi geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň «Breitling Premier» sagadyna çalymdaş edýär.

Sagadyň daşky bölegi 18 karatlyk gyzyl altyndan ýasalapdyr we gönüburçly düwmeleri bilen enjamlaşdyrlypdyr. Sagadyň altyn-goňur reňkli kemeri ýokary hilli deriden ýasalyp, onuň arka tarapyndaky gapagynda bolsa 22 karatlyk altyndan ýasalan sagadyň sistemasyny synlap bolýar.

Sagatda 55 sagatlyk ätiýaçlyk we 100 metre çenli suw çydamlylygy funksiýasy esasynda «Breitling Caliber B21» mehanizmi bilen işleýär. Bu owadan sagat Şweýsariýanyň synag instituty tarapyndan tassyklanyldy. «Premier B21 Chronograph Tourbillon 42 Bentley Limited Edition» atly sagadyň bary-ýogy 25 sany çykarylar.

 

atavatan-turkmenistan.com

  • 39
  • 15.04.2021