MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda eden çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bina halkara durmuşynyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança bolar.

Biziň hut şu binada dürli döwletleriň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda şeýle möhüm mesele boýunça ilkinji gezek duşuşyk geçirýändigimiz aýratyn bellärliklidir.

Bu duşuşygyň işiniň üstünlikli bolmagyna goşant goşmaga taýýardygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Siziň pikirleriňize we garaýyşlaryňyza ýokary baha berýäris we olar biziň üçin gymmatlydyr hem-de siziň pikirleriňiziň geljekde hem netijeli dünýä gün tertibini durmuşa geçirmäge hemmämize ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu çözgüt Milletler Bileleşiginiň döwletara hyzmatdaşlygynyň depginlerine göwnejaý derejede oňyn goldaw bermäge, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna daýanmak bilen, gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak esasynda guramak üçin degişli şertleri üpjün etmäge gyzyklanmasyny alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda bu maksatlar möhüm ähmiýete eýedir hem-de ylalaşykly hereketleri talap edýär.

Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarynda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Şeýle usulda hereket etmek bilen, ýurdumyz bar bolan meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek, sebit we ählumumy derejedäki wehimleriň öňüni almak hem-de olara öz wagtynda çäre görmek üçin bitaraplygyň gurallaryny, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagy teklip edýär.

Syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir. Soňky wagtlarda bu wehimlere täze howplar — kiberjenaýatçylyk, kanunçylyga boýun egmezlik, BMG-niň ornunyň hem-de wezipeleriniň ähmiýetini peseltmäge synanyşyklar, hukuk goraýyş meselelerini belli bir bähbitler üçin peýdalanmak howplary goşuldy.

Şunuň bilen baglylykda, biziň pikirimizçe, bu meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri netijeli ugra gönükdirmek üçin Türkmenistanyň teklip edýän çäreleri möhümdir.

Hususan-da, biziň ýurdumyz soňky ýyllarda BMG-niň meýdançalarynda durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça Baş Assambleýanyň kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda yzygiderli ýagdaýda anyk çäreleri teklip edýär.

Bu başlangyçlara Milletler Bileleşigi tarapyndan barha anyk düşünilýändigi hem-de biragyzdan giň goldawa eýe bolýandygy guwançly ýagdaýdyr.

Bitaraplyk syýasatynyň gurallarynyň peýdalanylmagynyň uly mümkinçiliklere eýedigine dünýäde barha oňyn baha berilýändigi möhümdir.

Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri — parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, netijeli hyzmatdaşlyga hem-de özara düşünişmäge, ýüze çykýan meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge, harby güýji ulanylmazlyga, umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryna hormat goýmaga ygrarlylyk halkara bileleşiginiň hem-de onuň düzümleriniň bähbitlerine we gyzyklanmalaryna barha uly derejede kybap gelýär. Birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dünýäniň syýasy senenamasynda täze senäniň — 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň peýda bolmagy tötänleýin däldir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamalary, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda», «Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy we durnukly ösüşe goldaw bermekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kararnamalaryň biragyzdan hem-de birnäçe gezek kabul etmegi bitaraplyk syýasatynyň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, eýýäm 20-den gowrak döwletiň BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dostlarynyň toparyny döretmäge goşulandyklary guwandyryjy ýagdaý bolup durýar.

Biziň ýurdumyz tarapyndan halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny düzmek işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde geçen ýyl guralan çäreler bitaraplyk nazaryýetiniň we tejribesiniň ösdürilmegine möhüm goşant bolup, döwletara hyzmatdaşlygynyň bu nusgasyna gyzyklanmalary artdyrdy.

Biz häzirki wagtda türkmen bitaraplygynyň, hakykatdan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada strategik maksatlaryny ygtybarly durmuşa geçirmegiň, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda sebitleýin we halkara köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýändigine buýsanýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan dünýä bileleşigine şu möhüm ugurlarda tagallalary birleşdirmegi hem-de bu meselelere aýratyn üns bermegi teklip edýär:

-halkara hukugyny pugtalandyrmak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda BMG-niň eýeleýän esasy ornuny tassyklamak;

-hukuk äsgermezçiligine hem-de umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryna biperwaý çemeleşilmegine garşy durmak;

-strategik durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak hem-de onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýaragsyzlanmak, ýarag serişdelerini artdyrmakdan, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmakdan ýüz döndermek hereketini goldamak;

-halkara terrorçylygyna hem-de serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreş.

Şunda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny ornaşdyrmak esasy şert bolup çykyş edýär;

-jedelleri we çaknyşyklary duýdurmagyň, olary öz wagtynda aradan aýyrmagyň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak;

-energetika, ulag, suw, azyk, maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň netijelerini ýok etmek boýunça halkara tagallalaryny raýdaşlyk ynsanperwer ýörelgelerinde birleşdirmek şu ýylyň örän möhüm wezipesi bolup durýar.

Ählumumy gün tertibiniň bu we beýleki örän möhüm wezipeleri, diňe düýpli şert — hoşniýetli erk-isleg, özara ynam, jogapkärçilik we öňdengörüjilik, birek-birege hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgesi berjaý edilende ýerine ýetirilip bilner.

Biz bu garaýyşlaryň many-mazmun bilen doldurylmalydygyna, ähli döwletleriň anyk tagallalaryny goşmalydygyna, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde olaryň bilelikdäki işi üçin dünýä garaýyş binýady hökmünde çykyş etmelidigine ynanýarys.

BMG-niň Tertipnamasyna esaslanýan ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň häzirki ulgamy 75 ýylyň dowamynda özüniň durmuşa ukyplylygyny hem-de adamzadyň hakyky isleg-arzuwlaryna laýyk gelýändigini subut etdi.

Elbetde, ol kämilleşdirilip, üsti ýetirilip hem-de hakyky ýagdaýlara we häzirki döwrüň ösüş meýillerine laýyklykda täze görnüşler we nusgalar bilen baýlaşdyrylyp bilner.

Emma ol hiç bir ýagdaýda hem şübhe astyna alnyp, has beteri-de, ony ýykmaga synanyşyklara sezewar edilip bilinmez. Şeýle hereketleriň netijeleri örän howply bolar, muňa biziň ählimiziň doly derejede göz ýetirýändigimize ynanýaryn.

Şol sebäpli hem Türkmenistan hemişe BMG-niň köpugurly ygtyýarlylyklara eýe bolan esasy halkara düzüm, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň, möçberlerine, ykdysady mümkinçiliklerine, dolandyryş usullaryna hem-de beýleki ýagdaýlaryna garamazdan islendik döwletiň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmegiň daýanç sütüni hem-de kepili bolup galmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Bitarap ýurt hökmünde biziň ornumyz, dünýä hem-de onda eýeleýän ornumyza garaýşymyz ähli halklara, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluny saýlap almagyna, syýasy hem-de durmuş-ykdysady nusgasyna, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň mazmunyna hem-de ugruna hormat goýmak ýörelgesine daýanýar.

Şeýle garaýşa hyzmatdaşlarymyz ýokary baha berýär, Türkmenistana dünýäniň onlarça ýurdy bilen dostlukly, özara deňhukukly gatnaşyklary durnukly hem-de yzygiderli ösdürmäge, olar bilen özara düşünişmegiň, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamaga, halkara edaralarynyň işine netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu maslahatyň çäklerinde siz meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarsyňyz. Men bu pikir alyşmalaryň ösüşiň we döredijiligiň maksatlaryna ýetmäge umumy tagallalar bilen ýardam bermek üçin birleşen pikirdeşleriň özara ynama esaslanýan söhbetdeşligine öwrüljekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan myhmanlary hemişe ak ýürek bilen garşylaýar hem-de biz şeýle görnüşdäki, meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan söhbetdeşligiň biziň ýurdumyzda yzygiderli esasda geçirilmegini isleýäris.

Munuň üçin iň amatly syýasy we guramaçylyk şertlerini döredip, ähli zerur goldawy bermäge taýýardyrys.

Maslahata gatnaşýandygyňyz üçin meniň minnetdarlygymy kabul etmegiňizi ýene bir gezek haýyş edýärin hem-de gyzykly we netijeli işlemegi arzuw edýärin.

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji apreli

  • 31
  • 15.04.2021