MAKALA

Tebigat täsinlikleri

Ýer ýüzündäki almazlaryň köp böleginiň ýaşy üç milliard ýyldan geçýär.

Indoneziýadaky Krakatau wulkany 1883-nji ýylda adamzada belli bolan iň batly sesi çykarypdyr. Bu ses Mawrikiýada hem eşidilipdir. Bu bolsa, wulkandan 4828 kilometr daşlykdadyr.

Antarktidada 2 million ýyldanam köp wagt bäri ýagyş we gar ýagmadyk ýerler bar.

Antarktidada diňe bir derýa – Oniks bardyr. Ol ýylda 2 aý akýar.

Teneçir ganat kakanda, ol howada sekizligi emele getirýär.

Delfinleriň hamynyň üstki gatlagy 2 sagatda bir gezek täzelenýär.

Farer adasynda tomus gijeleri şeýle bir ýagty welin, maýagy ýakmagyň zerurlygy ýok.

Irlandiýada hiç hili körsyçan ýokdur.

 

Berkeli Ataýew,

Murgap etrap häkimliginiň baş bagbany.

«Bereketli toprak» gazeti.

  • 24
  • 16.04.2021