MAKALA

Türkmen ylmy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmen aga «Aňymy alanyňdan, janymy al», «Alym gül getirer, ary – bal», «Alyma amal ýaraşar», «Alym bolsaň, älem seniňki» diýýär. Akyl işine sarpa goýýan türkmen halky taryhyň islendik döwrüne ser salanyňda-da ylma, bilime biparh garamandyr.

Döwürler, döwranlar dönüp, heňňamlar üýtgäp, XXI asyrda, ýagny tehnika-tehnologiýanyň ulgamlara düýpli ornaşan eýýamynda türkmen ylmy täze özbaşdak keşbe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylda döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen çuň manyly jümlesine eýerip, ýurtda ylmyň ösmegine uly üns berip başlady. Ylym ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» ýaly birnäçe Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu günki gün şol kanunlardan ugur alnyp, türkmen ylmyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek, türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmak boýunça işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Milli Liderimiziň ylym ulgamyny ösdürmek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bagtyýar zamanamyzda türkmen alymlary birnäçe ylmy barlaglary, ylmy derňewleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gaýtadan dikeldilmegi bu derwaýys işleriň depgininiň batlanmagyna itergi berdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi bilen bolsa ylym ulgamyndaky üstünlikleriň sany barha artdy. Şolardan alnan netijeleriň degerlisi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da döwrebaplaşdyrmakda giňden peýdalanylýar. Ynha, şolardan Älem giňişligine «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň çykarylmagyny, kommunikasiýalar, kosmos, robot tehnikasy, mikroelektronika ýaly ugurlar boýunça usulyýet we amaly işleriň geçirilmegini subut hökmünde getirip bileris.

XXI asyryň tehnika-tehnologiýalar asyry bolmagy bilen, dünýä ýüzünde innowasion enjamlar güýçli depginde ösýär. Şuňa esaslanyp, biziň ýurdumyzda-da sanly ulgama geçirmek babatdaky işlere aýratyn üns berilýär. Bu ýagdaý ylym ulgamy babatda-da şeýledir. Bu gün bagtyýar zamanamyzda hut türkmen ylmynyň özi ulgamdyr pudaklary sanlylaşdyrmak meselesini baş wezipeleriniň biri edip goýdy. Bu işi talabalaýyk guramakda «Sanly çözgüt — IT-meýdança», «Asman oky», «Berk ojak», «Türkmentehnogurluşyk», «Belgi», «Kuwwat merkezi» we başga-da birnäçe kompaniýalarynyň paýy uludyr. Şolaryň arasynda Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen birlikde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti özüniň gazanýan şowly üstünlikleri bilen halkyň hyzmatynda. Guwandyryjy ýeri, bu hojalyk jemgyýetiniň işgärler düzüminiň agramly bölegini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususanam, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyp ýaşlary düzýär. Ol hünärmenleriň kömegi arkaly tehnologik täzelikleriň, oýlap tapyşlaryň, elektron taslamalaryň uly toplumyny alyp barýar. Bu gün «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri web-saýtlaryň, programmalaryň, elektron resminamalaryň, dürli görnüşli awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we elektron enjamlaryň onlarçasyny işlenip düzdi we patentleşdirdi. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, «Biznes reklama» gazetiniň we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň elektron web-saýtlaryny, «Halkbank» Döwlet täjirçilik bankynyň sargydy boýunça awtoulaglaryň belgilerini tanaýan we onuň esasynda duralganyň derwezesini dolandyrýan ulgamyň, ýangyjyň harçlanylyşynyň hasabyny ýöredýän programma üpjünçiligini, «Zehinlije» ykjam goşundy, «eMekdep», gologrammalary döredýän programmalaryny, «Himiýa öwren» «Onlaýn market» hem-de «Sorag-jogap» taslamalaryny, «Meniň Watanym Türkmenistan» atly elektron kitabyny aýdyp bolar.

Türkmen ylmynyň gazanan şular ýaly üstünlikleri göz öňünde tutulyp hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda Ylymlar güni dabara bilen bellenilip geçilýär. Ynha, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da bu şanly senä uly gadamlar bilen barylýar.

Goý, ýurdumyzyň ylym ulgamynyň hak howandary milli Liderimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, türkmen ylmyny belent sepgitlere ýetirmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Aýgül Orazmuhammedowa,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

  • 37
  • 16.04.2021