MAKALA

Garaşsyz döwletli bolmak

Oguz handan gaýdýan asyl şejeräň —

şahaňdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

Kowum-gardaş, ilen-çalan, neberäň —

ataňdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Baky peşgeş, serpaýdyr ol, barlykdyr,

Gymmatlydyr ähli genji-baýlykdan,

Tükeniksiz hormat, bagtyýarlykdan

nyşandyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Bedewimdir ýaryşlarda saýlanýan,

Nepis halymdyr ol dünýä aýlanýan,

Tugum, Tugram, Senam — belent ýaňlanýan

mukamdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Hazarymdyr — guwwas bolup ýüzmeli,

Desterhanym — agaranly, süzmeli...

Halal zähmet çekip, ýaýnap gezmeli

mekandyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Garagum sähramdyr, sazakdyr selin...

Daglaryna barsaň, durlanar seriň.

Oka, öwren, döret, erkiň, öz eliň —

ýakaňdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Çogy Günden zyýat, dady asala

laýyk, waspy sygmaz müňläp gazala.

Borjuň bitirmekde kylnan kasama

wepaňdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Dana Arkadagdyr — baş bolup durýan,

Saýlap alan kämil ýoluňa gurban.

Eşretden, bagtdan püre-pür döwran —

sarpaňdyr — Garaşsyz döwletli bolmak.

 

Maksatmyrat Atabalow.

  • 40
  • 16.04.2021